Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Awaza şäherinde Hazar deniziniň güni mynabasybetli “Hazar deňizi: Durnukly galkynyş üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Hazar deňizine kenary bolan ýurtlaryň, halkara guramalarynyň we ylym dünýäsiniň wekilleri, diplomatlar gatnaşdylar. Maslahat 2002-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Üstümizdäki aýyň 13-14-i aralygynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň Orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýä resmi sapar gurady.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen kärdeşi Meredowyň duşuşygynda iki ýurduň özara gatnaşyklary bilen beýleki degişli meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.Duşuşykda esasan türkmen tebigy gazynyň Ýewropa ýurtlaryna ýetirilmegi hakynda giňişleýin pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministr Raşid Meredow saparynyň çäginde TÜRKSOÝ-uň Merkezine bardy.Türkmensitanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew 14-nji awgustda Türkiýäniň Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşdy.

2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda Gyrgyzstanyň Çolpon Ata şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrleriniň maslahaty geçirildi.Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrleri, halkara guramalarynyň wekilleri we bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatda tebigy betbagtçylyklarda hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we olaryň zyýanlaryň azaldymagy hakynda pikir alyşyldy.Maslahatyň çäginde Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň ministrleri özara hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşyp, bilelikde ediljek işleriň meýilnamasyny kabul etdiler.

Fransiýada geçirilen Tomusky olimpiýýa oýunlary tamamlandy. Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň türgenleri jemi 41 medal aldylar. Olimpiada 19 türgen ugradan we 6 altyn medal alan Gyrgyzstan olimpiadanyň iň başarjaň ýurdy boldy. Olimpiadanyň iň uly netijesi bolsa türki dünýäniň türgenleriniň we halklarynyň oýunlarda birek-birege goldaw bermekleri, sport arkaly türki döwletleriň arasynda doganlygyň hasam berçinleşmegidir.

Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda şahsyýetnama bilen syýahat etmek hakynda gepleşikleriň geçirilýändigi beýan edildi. Taraplar şeýlelikde ikitaraply saparlaryň artmagyny we şonuň özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşmagyny maksat edinýärler. Gazagystan bilen Gyrgyzstanyň, Özbegistan bilen Gyrgyzstanyň, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda şahsyýetnama bilen syýahat edilýär. Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň raýatlary birek-birege pasportsyz syýahat etme mümkinçiligine eýe bolup biler.

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Haluk Görgün Azerbaýjana resmi sapar etdi. Görgün Bakuw şäherinde Azerbaýjanyň Goranyş senagaty ministri Wügar Mustafaýew, Azerbaýjanyň Digital galkynyş we ulaglar ministri Reşad Nebiýew, Azerbaýjanyň Goranmak ministriniň orunbasary Agil Gurbanow bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Goranmak ministrlikleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga laýyklykda geçen hepde özbek harby personallary Azerbaýjanda uçarmansyz howa ulaglarynyň ulanylşy we meýilleşdiriş kursuna gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar
Türk metbugartynyň gysgaça mazmuny
Goranyş senagatynda dünýäde ilkinji 100 kärhananyň hataryna giren türk kärhanalaryň sany artdy
Ysraýyl Gaza urşuna goşant goşan afrikaly we hindistanly bosgunlara ýaşaýyş rugsadyny berýar
Erdogan: "Türkiye global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar" diýdi
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer