Türki Döwletleriň Geňeşiniň Maslahaty

Türki Döwletleriň Geňeşiniň Maslahaty

2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Türki siwilizasiýanyň täze eýýamý: umumy ösüşiň we abadançylygyň ýolunda” şygary bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 9-njy maslahaty geçirildi. Maslahta Azerbaýjanyň, Gyrgyzstanyň, Gazagystanyň, Wengriýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň liderleri gatnaşdylar.

Maslagata gatnaşmak üçin 10-njy noýabrda Samarkant şäherine baran liderler özara duşuşyklar geçirdiler. Şol çäkde Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan Erdogana Ýokary derejeli Ymam Buhari Nyşany gowşuryldy.

11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Maslahaty geçirildi. Türki dilli döwletleriň liderlerinden daşgary Türki dünýäniň guramalary bolan Türki döwletleriň Guramasy, TÜRKSOÝ, TÜRKPA, Halkara Türki Akademiýa, Türki medeniýet we Miras gaznasynyň Baş sekretarlary hem sammite gatnaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda Samarkant Jarnamasy kabul edildi. Guramanyň 5 ýylly strategiýasy kabul edildi. Maslahatda kabul edilen esasy kararlardan biri Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň synçy agzalyga kabul edilmegi boldy. Şeýlelikde DKTR-nyň ykrar edilmegi üçin Türkiýe Respublikasy tarapyndan ilkinji ädim ädildi. Aýratynam söwda, ykdysadyýet, ulaglar, gümrük, digitallaşma ugurlary boýunça ylalaşyklara gol goýuldy.

Maslahatda Samarkant şäheri Türki swilizasiýanyň paýtagty diýip yglan edildi. Azerbaýjanyň Şamahy şäheri Türki dünýäniň 2023-nji ýyl üçin Syýahatçylyk paýragty yglan edildi. Türki döwletleriň umumy elipbiýe geçmegi üçin ylalaşyldy. Özbegistan TÜRKSOÝ-a doly agza hökmünde goşulmak boýunça resminamalary kabul etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki İlçisi Gubanyçbek Ömüraliýew guramanyň täze Baş sekretarlygyna saýlandy. Ozalky Baş sekretar Bagdat Amreýew Türki döwletler guramasynyň çäginde döredilen Türki maýa goýum gaznasynyň başlyklygyna bellendi. Türki maýa goýum gaznasynyň döredilmegi guramanyň geljegi, Türki dünýäniň bitewileşmegi taýdan iňňän möhümdir. Samarkantdaky maslahatda Halkara Türki Akademiýanyň Başlyklygyna Şahin Mustafaýew bellendi.

Türki döwletleriň guramasynyň Alyşir Nowaýy baýrag Çingiz Aýtmatowa bagyşlandy. Baýrak Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowa gowşuryldy. Prezident R.T.Erdogan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäniň ösüşine goşan goşantlary mynasybetli “Türki dünýäniň Ýokary nyşany” ordeni gowşuryldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew maslahatda sözlän sözünde medianyň güýjünden bilelikde peýdalanmagy, Astanada guramanyň digitallaşdyryş merkezini döretmegi teklip etdi. Bu ugurlarda Türki döwletleriň guramasynyň öňbaşçylygynda degişli maksatnamalar düzüler.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Samarkantda Türki döwletleriň çäginden daşarda ýaşaýan türki halklaryň hukuklarynyň goralmagyny gün tertibine getirdi. Hakykatdan hem dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türki halklaryň esasy hemaýatkäri Türki döwletleriň guramasy we gurama agza döwletler bolmaly.

Jemläp aýdanymyzda Samarkantda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň maslahaty üstünlikli geçdi. Maslahatda Türki dilli döwletleriň geljegini gyzyklandyrýan möhüm kararlar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti