Türki döwletleri guramasynyň sammiti geçirildi

6-njy iýulda Şuşada Türki döwletleri guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Ýokary derejeli resmi däl maslahata Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň wise-prezidenti Çewdet Ýylmaz, Türki döwletleri guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, şeýle hem Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti (guramada synçy statusyna eýe) Ersin Tatar we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň başlangyjy bilen guralan sammite Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri we ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdy.

Şeýle hem bu çärä Türki döwletleri guramasyna synçy ýurtlar – Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň we Wengriýanyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Türki döwletleri guramasynyň resmi däl sammitiniň mowzugy “Ulag aragatnaşygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş arkaly durnukly geljegi gurmakdan” ybarat boldy.

Sammite gatnaşyjylar Orta geçelgäni we beýleki ulag aragatnaşygyny berkitmek, şeýle hem 11-22-nji noýabrda Azerbaýjanda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna (COP 29) gatnaşyjylaryň 29-njy konferensiýasyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Bu çäräniň çäklerinde, Türki döwletleri guramasynyň taslamalary we Garabag jarnamasy bilen baglanyşykly birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Çuwaş türkçesi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tatar Türkçesi - 2
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary