Şolaryň esasylaryndan biri Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzstana guran döwlet saparydyr.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2023-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Gyrgyzstana döwlet saparyny gurady.Prezident Mirziýoýewi howa menzilinde Gyrgyzstanyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow garşylady. İki ýurduň prezidentleri 27-nji ýanwarda özara we toparara duşuşyklar geçirdiler.
Duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda serhetleriň kesgitlenmegi we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça jemi 25 ylalaşyga gol çekişildi. Şeýlelikde Täjigistandan daşgary Merkezi Aziýadaky döwletler öz aralarynda serhet meselelerini çözdüler.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyzstana saparyndan öň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul edipdi. 24-nji ýanwarda Daşkende bolan duşuşykda Türki döwletleriň guramasyynň alyp barýan işleri hakynda pikir alyşylypdy.
Türki Maýa goýum gaznasynyň Başlygy Bagdad Amreýew geçen hepde Wengriýa sapar gurady. Amreýew Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto, wise-preýer we Maliýe ministri Mihaly Warga bilen özara duşuşyklar geçirdi. Bagdad Amreýew Premýer-ministr Orban tarapyndan “Wengriýanyň Döwlet Nyşany” ordeni bilen sylaglandy.
24-nji ýanwarda Daşkentde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň 26-njy maslahaty geçirildi. Maslagata gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Şol gün Prezident Şawkat Mirziýoýew maslahatyň çäginde Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.
18-nji ýanwarda Gazagystan, 25-nji ýanwarda bolsa Özbegistan Gazprom bilen tebigy hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyga gol çekişdi. Günbatar ýurtlaryna eksporty bes edilen Russiýa gündogardaky ýaranlary bilen hyzmatdaşlygy ileri tutýar.
23-nji ýanwarda Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Maulen Asimbaýew Gyrgystana resmi sapar gurady. Asimbaýew Bişkekde Gyrgystanyň Mejlisiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew bilen duşuşydy. İki kardeş Çingiz Aýtmatow forumyna gatnaşdylar. 24-nji ýanwarda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Asimbaýewi kabul edi.
24-nji ýanwarda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Saha Respublikasynyň Prezidenti Aýsen Nikolaýew bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy.
21-nji ýanwarda Merkezi Aziýanyň esasy ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistanda parlamentiň iki bölümi birleşdirildi. Täze döredilen Halk Maslahatynyň başlyklygyna Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy. Halk Maslahaty şol gün Gurbanguly Berdimuhamedowy “Milli lider” diýip yglan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow mundan beýläk halka ýüzlenip we partiýalaryň gurultaýlarynda çykyş edip biler. Halk Maslahaty şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa “Goşun generaly” derejesini berdi.