Türki dilli döwletleriň liderleriniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda eden çykyşlary

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türki dilli döwletleriň liderleriniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda eden çykyşlary we beren teklipleri hakynda maglumat bermek isleýäris.

2022-nji ýylyň 20-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasy öz işine başlady. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-26-sy aralygynda BMG-na agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş etdiler.

Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasynda 20-njy sentýabrda çykyş etdi.Türki dilli döwletleriň liderleri çykyşynda umuman alnanda Ukraina söweşi, serhet meselesi, sebitara howpsyzlyk we howa çalşygyna garşy göreş we BMG-nyň düzüminiň üýtgedilmegi meselesi hakynda durup geçdi.

Türki dilli döwletleriň liderleri BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Nýu-Ýokrda özara duşuşyklar hem geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, BMG-nyň Baş Assamblerýasynda eden çykyşynda, Türkiýäniň Ukraina krizisini çözmek üçin ähli taraplaýyn tagalla edýändigini we tagalla etmäge dowam etjekdigini belledi. Prezident Erdogan, galla ylalaşygynyň çäginde halkara azyk krizisiniň öňüniň alynandygyny belledi.

Prezident R. T. Erdogan Günorta Kawkazda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin taryhy pursadyň ýüze çykandygyny, musulman uýgur türkleriniň hak-hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy üçin tagalla edýändiklerini, DKTR-nyň resmi taýdan ykrar edilmeldigini, howa çalşygyna garşy göreş meselesinde Pariž şertnamasyna goldaw berýändiklerini nygtady. Migrant krizisine hem ünsi çeken Prezident Erdogan, BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmelidigini ýatlatdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-21-i aralygynda Nýu-Ýorkda saparda boldy.Prezident Tokaýew BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmelidigini, dünýäde ýadro ýaragynyň ulanylmagy howpynyň ýüze çykandygyny, dünýäniň ýadro ýaragynyň saplanmagyna goldaw berýändiklerini belledi.

Gazak lideri Tokaýew, owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin Almaty şäherinde BMG-nyň sebitdäki merkeziniň açylmagyny ýene-de bir gezek teklip etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Özbegistan bilen serhetleriň kesgitlenilmegi baradaky işleriň tamamlanyp barýandygyny, Täjigistanyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-16-sy aralygynda Gyrgyzstana hüjüm gurandygyny, iki ýurduň arasyndaky ylalaşygyň basgylanandygyny emma muňa garamazdan serhet meselesiniň gepleşik arkaly çözülmegine goldaw berýändiklerini belledi.

2022-nji ýylyň 22-nji sentaýbrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde J5+1 Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda Owganystanyň geljegi, sebitara howpsyzlyk we özara gatnaşyklar meselesi ara alyp maslahatlaşyldy.

GD! BMG-nyň Baş Assambleýasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Wengriýadan Jsaba Körösü ýerine ýetirýär. Ozal bu wezipäni Türkiýeden Wolkan Bozkyr ýerine ýetiripdi. Mälim bolşy ýaly soňky ýyllarda Türki dilli döwletleriň BMG-daky we halkara syýasatdaky täsiri gün saýyn güýçlenýär. Türki dilli döwletleriň liderleri taýdan BMG esasy syýasy platformalardan biri. BMG-nyň düzüminiň üýtgedilmegi Türki dilli döwletler taýdan has netijeli bolar.

Ýene degişli makalalar

Migrantlaryň halkara güni
Aşgabatda içerki migrantlar ýene tussag edilýär, jerime salynýar we paýtagtdan kowulýar
"Migrant Media" - migrantlara niýetlenen proýekt
“Yslam döwletiniň” agzalaryny Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda şübhelenip tutulanlaryň arasynda iki Türkmenistanly bar
Türkiýäniň suw giňişligine itilen migrantlar halas edildi
4 Aýda 800 Müň Migrant Owganystandan Eýrana Girdi
Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy