Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2024-nji ýylyň 7-9-njy awgustynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystana döwlet saparyny gurady.Astanada Gazagystan bilen Özbegistanyň Prezidentleri Döwletara Ýokary Geňeşiniň 1-nji maslahatyny geçirdiler.Maslahatdan soň Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda 10 ylalaşyga gol çekildi.

Prezidentler bilelikdäki taslamalaryň bilelikdäki açylyşyna we Astanada gurlan Alyşir Nowaýynyň heýkeliniň açylyşyna gatnaşdylar.Iki ýurduň arasynda dowam edýän taslamalaryň sany 70-e golaýlady. 5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew Özbegistanyň Prezidentiniň orunbasary Saida Mirziýoýewany kabul edipdi.

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Konsultatiw maslahaty geçirildi.Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri gatnaşdylar.Maslahatda sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Maslahatdan soň 8 ylalaşyga gol çekildi.Maslahata Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, BMG-niň Merkezi Aziýa sebiti boýunça ýörite wekili Kaha İmnadze hem gatnaşdy.Maslahatda Merkezi Aziýa-Azeraýjan Geňeşiniň döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

Maslahatyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirildi.Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammiti, Ýaponiýadaky tebigy betbagtçylyklar sebäpli yza süýşürildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Ýolbaşçylarynyň 6-njy Konsultatiw maslahatynyň çäginde käbir beýleki maslahatlar hem geçirildi.Mysal üçin 6-njy awgustda Astanada Merkezi Aziýa+Azerbaýjan Energetika ministrleriniň maslahaty geçirildi. 2024-nji ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Gazagystanda Merkezi Aziýa+Hazar Energetika hepdeliginiň geçiriljekdigi beýan edildi.

Gazagystanyň Medeniýet we maglumatlar ministrligi degişli sebit ýurtlaryndan ministrleriň orunbasarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki teleýaýlymyň açylmagy we bilelikdäki sebitleýin media platformasynyň döredilmegi boýunça anyk başlangyçlaryň edilendigini habar berdi.

2024-nji ýylyň 6-njy awgustynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýa Federasiýasynyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Sergeý Şoýguny kabul etdi. Duşuşykda “3+3” hyzmatdaşlyk formatynyň başda durmagynda sebitleýin hem-de özara gatnaşyklar bilen bagly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

6-njy awgustda Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer-ministri Ünal Üstünel bilen duşuşdy. Ankarada geçirilen duşuşykda bilelikdäki taslamalarda ýetilen sepgit hakynda pikir alyşyldy.

Azerbaýjan-Ermenistan ýaraşyk şertnamasy boýunça ýene-de bir anyk ädim ädildi. Taraplar häzirlikçe ylalaşylmadyk ulag-ýol geçelgeleri bilen bagly maddanyň ylalaşygyň düzüminden çykarmak boýunça ylalaşdy. Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna agza döwletleriň Gazagystandaky türgenleşigine gatnaşmagy kabul etmedik Ermenistan, rus harby güýçleriniň ýurtdaky sanyny azaltmak üçin başlangyçlar edýär.

Üstümizdäki aýyn 10-11 aralygynda Wengriýanyň Bugaç şäherinde 9-njy Hun-Türk gurultaýy geçirildi. Gurultaý-festiwala türki döwletleriň halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 9-njy awgustda Wengriýanyň Mejlisinde gurultaýa gelen myhmanlar çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Çuwaş türkçesi
Gagauz türkçesi
Halaç Türkçesi
Horasan Türkçesi
Tatar Türkçesi - 2
Fuýu Türkçesi