Türkçe-türkmençe sözlük neşir edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dil dersleriniň okuw kitaplarydyr gollanmalar, sözlükler bilen üpjünçiligi mydama üns merkezinde saklanylýar. Ýakynda şeýle okuw gollanmalarynyň biri — Türkçe-türkmençe sözlük (J.Gökleňow, A.Erjilasun A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çapdan çykdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyplar üçin okuw gollanmasy hökmünde hödürlenen bu sözlüge häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe ýakyn söz, söz düzümleri girizilipdir.Häzirki wagtda türkmen dili Türkiýäniň uniwersitetlerinde we umumybilim berýän mekdeplerinde, türk dili hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki bilim ojaklarynda hünär ýa-da ders hökmünde okadylýar. Şonuň ýaly-da, türkmen we türk dilleriniň we edebiýatynyň meseleleri, olary okatmagyň usullary, terjimeçilik boýunça ylmy, ylmy-amaly işler alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen we türk dilleriniň deňeşdirme derňewi dil biliminde täze bir ugur hökmünde kemala geldi.Bu ýagdaý düşündirişli sözlükler bilen birlikde, dil öwrenýänler üçin iki dilli, köp dilli sözlüklere zerurlyk döredýär. Şu jähetden, Türkçe-türkmençe sözlük atly bu täze kitabyň neşir edilmegi diňe bir talyplar üçin däl, eýsem, türkmen-türk dil gatnaşyklary bilen gyzyklanýanlar, türkmen we türk dillerini gysga möhletli okuwlarda ýa-da özbaşdak öwrenýänler, işewürler, syýahatçylar, terjimeçiler üçin hem örän uly ähmiýetlidir. /* custom css */ .td_uid_15_673dd17f0ca32_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673dd17f0ca32_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Täze okuw gollanmalary neşir edildi
Ýewropa ligasynyň 2022/23 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Türk mediasyna syn
UEFA Ýewropa Ligasynyň play-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary şu gün başlar