Esasan hem bäsdeş ýurtlarda hasylyň az bolmagy we Türkiyede önümleriň köp bolmagy eksportçylara artykmaçlyk berdi.
Möwsümiň ilkinji 2 aýynda mukdar taýdan 101 göterimlik artyş bilen 16 müň 86 tonna zeýtun ýagy eksportyndan 86 million 405 müň dollar girdeji alyndy.
Eksportyň takmynan ýarysyna golaýy ABŞ-na amala aşyryldy.
Türkiyäniň iň köp zeýtun ýagyny satýan ABŞ-na eksport, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bäş esse artyp, 7520 tonna ýetdi.
Bu ýurda eksportdan alnan girdeji 260 göterim ýokarlap, 39 million 106 müň dollara ýetdi.
Zeýtun ýagynyň esasy bäsdeşi bolan Italiýa eksport 442 göterim ýokarlap, 1811 tonna, gymmady bolsa 318 göterim ýokarlap, 8 million 13 müň dollara ýetdi.
Ispaniýa 5 million 686 müň dollarlyk 1224 tonna zeýtun ýagy satyldy.
Saud Arabystanyna zeýtun ýagynyň eksporty 157 göterim ýokarlap, 930 tonna, gymmady 57 göterim ýokarlanyp, 4 million 597 müň dollara barabar boldy.