Türk ýaragly güýçleriniň inwentarynda himiki ýarag ýok

Türk ýaragly güýçleriniň inwentarynda himiki ýarag ýok

Terror guramasy PKK we onuň bilen arabaglanşykly adamlar sosial mediada birnäçe günden bäri Türkiýäniň terrorçylara garşy himiki ýarag ulanandygy barada asylsyz garaýyşlary öňe sürýär. Türkiýedäki käbir gatlaklar hem şol ýalany gün tertibine getirmek bilen terrora goldaw berýär we onyň propagandasyny alyp barýar. Terror propaganda bolmazdan barlygyny dowam etdirip bilmez.

SETA-nyň Howpsyzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türk ýaragly güýçleriniň inwentarynda himiki ýarag ýok. Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleriniň şu günki güne çenli alnyp baran operasiýalarynda himiki ýarag ulanandygyny görkezýän hiç hili delilnama hem ýok. Ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň gatnaşmagynda alnyp barylýan operasiýalarda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşýän Türk ýaragly güýçleriniň himiki ýarag ulanmagy asla mümkin däl.

Terror guramasynyň, ýurduň içindäki käbir oppozisionerleriň we daşary ýurtlardaky käbir gatlaklaryň ýalandygyna garamazdan şeýle habaryň Türkiýede we halkara jemgyýetçiliginde kabul ediljekdigi barada pikirlenmekleri geň galdyryjy.

Internet arkaly soňky 5 ýyldaky habarlara ser salnanda terror guramasy we onuň tarapdarlary tarapyndan Türkiýäniň ýurduň içinde we serhetaşa operasiýalarynda tapawutly wagtlarda terrora garşy alyp barýan operasiýalarynda himiki ýarag ulanandygy barada onlarça habara gabat gelmek mümkin.

Terror guramasyna halkara derejesinde berilýän media we propaganda goldawyna garamazdan şol gaýaryşlaryň ýekeje biriniň hem himiki ýarag bilen hiç hili arabaglanşygy ýok, sebäbi şol garaýyşlaryň ählisi asylsyz we hakykatlary beýan etmeýär. Aslynda şuňa meňzeş garaýyşlaryň orta atylmagy, terror guramasynyň we tarapdarlarynyň propaganda meselesinde ejizländigini we propaganda ukubyny ýitirýändigini görkezýär.

Himiki ýarag meselesinde aslynda hakykatlara ser salmak gerek. Siriýada iş alyp barýan LaFarge sement fabrigi, ABŞ-da firma hakynda “Terrora goldaw berýändigi” sebäpli gozgan kazyýet işinde geçen hepde günäsini boýun aldy we kazyýet bilen ylalaşyk gazandy. Emma mesele ýönekeý sement fabriginiň terror guramasy bilen işleşmeginden ýada terror guramasyna maliýe kömegini bermeginden ybarat däl.

Geçmişe ser salanymyzda, Siriýa krizisiniň we onuň sebäp bolan adamzat pajigasynyň 2011-nji ýylda başlandygyna garamazdan halkara jemgyýetçiligi Siriýa krizisine raketalar we himiki ýaraglar bilen müňlerçe siriýalynyň öldürilmeginden we millionlarça siriýalynyň başga ýurtlaryna gitmegineden soň däl, eýsem terror guramasy DAEŞ-iň Siriýadaky gyrgynçylygynyň wideo ýazgylary bilen gün tertibine gelmeginden soň göz ýetirdi.

Terror guramasy DAEŞ-iň sebitde güýçli bolan döwründe LaFarge sement fabrigi öz işini uzak wagtlap dowam etdirdi. Şol döwürde terror guramasy bilen sement fabriginiň arasyndaky arkalaşygyň sebäbine doly göz ýetirlip bilinmedi. Şu günki günde bolsa ABŞ-nyň kazyýetiniň karary bilen LaFarge, DAEŞ-e paj töländigini we beýleki terrorçylykly aksiýalaryna maliýe kömegini berendigini boýun aldy.

Aslynda bu boýun alyşlykdan ozal hem firmanyň DAEŞ bilen arasyndaky aragatnaşygy gün tertibine getirlipdi.Fransiýada hem LaFarge firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň terror guramasyna goldaw berýändigi we adamzada garşy jenaýat edýändigi sebäpli iş gozgalypdy, emma şu günki güne çenli hiç hili netije alnyp bilinmedi.

Anadoly habarlar gullugy meseläniň diňe ýönekeý fransuz firmasy bolmandygyny ýüze çykardy.Anadoly habarlar gullugy 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Fransuz razwetka gullugynyň hem LaFargeniň terror guramasy DAEŞ-e maliýe kömegini berýändigi barada maglumatynyň bardygyny ýüze çykardy.

Firmanyň Fransuz razwetka gullugy bilen hat alyşandygyny, fransuz razwetka gullugynyň şol gatnaşykdan ýerlikli peýdalanandygyny we şol sebäpli hem firmanyň terror guramasyna berýän maliýe kömegi meselesinde dymmagy saýlap aldygyny we onu bökdemäge çalyşmandygyny subut etdi. Şol resminamalara garamazdan Fransiýada ýada firma jeza kesen ABŞ-da fransuz razwetka gullugynyň işgärleri hakynda hiç hili iş gozgalmady.

Fransuz razwetka gullugynyň habarynyň bardygyna garamazdan, LaFarge firmasynyň terror guramasyna maliýe kömegini beren döwründe Türkiýe alyp barýan Siriýa syýasaty sebäpli berk tankyt edilipdi we şol döwürde Türkiýäniň Siriýa syýasatyny bökdemek üçin ýurduň içinde we daşary ýurtda garalama propagandasy alnyp barlypdy.

Türkiýe bolsa Siriýada DAEŞ bilen birlikde beýleki terror guramalarynyň täsiriniň güýçlenýändigini we howply ýagdaýa gelmäge başlandyklaryna ünsi çekipdi we hyzmatdaşlaryna terror guramalaryna garşy işe girişmek üçin çagyryş beripdi. DAEŞ-e garşy göreşen ýeke-täk güýjüň Türk ýaragly güýçleridigi hem ýatdan çykarylmaly däl.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hepdäniň Syny
Türkiýäniň Täze Döwürdäki Daşary Syýasatynyň Parametrleri
Ysraýylyň Gaza hüjümleri
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri
Ysraýylyň Gaza hüjümleri