Prezident Erdogan resmi sapar bilen Ankarada bolýan Rumyniýanyň Permýer-ministri Çolaku bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.
Erdogan Rumyniýa bilen özara söwda mukdaryny iki ýyl yzly-yzyna 10 milliard dollardan geçendigini, maksadyň 15 milliard dollara ýetmekdigini aýtdy.
Rumyniýa bilen hem özara derejede hem-de NATO-nuň çäginde bilelikde işleşip, sebitiň howpsuzlygyna hem-de durnuklylygyna goşant goşýandyklaryny beýan eden Erdogan, “PKK we FETÖ ýaly terror guramalaryna garşy göreşde Rumyniýadan garaşýanlarymyzy Hormatly Premýer-ministriň dykgyna ýetirdik” diýdi.
Rumyniýada ýaşaýan türk we türk-tatar jemagatlaryny iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüsi hökmünde görýändiklerini beýan eden Erdogan; “Biz garyndaşlarymyzyň rumyn halky bilen utgaşykly ýaşamaklaryndan hoşal. Oňa şert döreden rumyn hökümetine sagbolsun aýdýarys. Rumyn raýatlarynyň ýurdumyza şahsy resminama bilen syýahat etmegine şert döredýän düzgünnamany kabul edendigimizi pursatdan peýdalanyp beýan edesim gelýär. Şeýlelikde gumanitar gatnaşyklarymyzyň ösjekdigine ynanýarys” diýdi.
Rumyniýanyň Premýer-ministri Marsel Çolaku bolsa metbugat ýygnagynda sözlän sözünde; “Türkiýe ÝB-niň daşyndaky esasy ykdysady hyzmatdaşymyz. NATO-daky esasy ýaranlarymyzdan biri, satrategik sebitleýin ýaran, hoşniýetli goňşy we dost ýurt” diýdi.
Erdogan we Çolaku özara duşuşykdan soň Türkiýe-Rumyniýa ýokary derejeli Strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 1-nji maslahatyna gatnaşdylar.
Soň Prezident Erdoganyň we Rumyniýanyň Premýer-ministri Çolakunyň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda 6 ylalaşyga gol çekildi.