Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler

Türkiýäniň raýatlary bilen durmuş guran we birnäçe ýyldan bäri Türkiýedäki maşgalasyna gowuşyp bilmän Türkmenistanda galýan aýallaryň ýurtdan goýberilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýene birnäçesi mälim boldy.

Türkmenabadyň häkimiýet we kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeler türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmenistanly zenanlaryň ýurduň daşyna "köpçülikleýin goýberilip başlandygyny" habar berdiler.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler bu, häkimiýetleriň soňky döwürde raýatlaryň sosial mediada köpelen wideo çykyşlaryna jogap hökmünde guramaçylykly amala aşyrylýan çäresi diýýärler.

“Garaşsyz habar beriş serişdelerinde, daşary ýurda çykyp bilmedik raýatlaryň ykballary barada yzygider habarlar beýan edilip başlandan soň, migrasiýa gullugynda degişli aýallaryň sanawy düzülip başlandy” diýip, lebaply kanun goraýjy gürrüň berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri sosial mediada we garaşsyz habar serişdelerinde, şol sanda Azatlyk Radiosynda birnäçe türk raýatynyň we türkmenistanly zenanyň wideo çykyşlary peýda boldy, şol maglumatlarda zenanlaryň bir ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistandan çykarylmaýandygy barada aýdylypdy.

Migrasiýa gullugyndaky ýagdaýlardan habarly ýene bir çeşme düzülen sanawdaky onlarça zenanyň ýurdy eýýäm terk edendigini aýtdy.

“Men bu sanawy öz gözüm bilen gördüm. Sanawdaky 150-ä golaý aýal maşgaladan 60-a golaýy eýýäm daşary ýurda çykaryldy” diýip, türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, heniz daşary ýurda çykyp bilmeýän şeýle aýallar ýerli migrasiýa gullugyna çagyrylýar.

"Olar howpsuzlyk işgärleri tarapyndan soraga çekilenden soň, uly göwrümli resminamalary toplamak bilen sanawa adyny ýazdyrýarlar. Käbir MHM işgärleri olaryň ýagdaýyndan peýdalanyp, para almagy niýet edinýärler" diýip, çeşme paranyň adatça 500 dollar çemesi bolýandygyny, ýurtdan çykmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýan raýatlaryň muňa kaýyl bolýandygyny belledi.

Türkmenabadyň döwlet edaralaryndaky çeşmeleriň maglumatyny daşary ýurtlara çykmagy başaran aýallar we olaryň ýoldaşlary hem Azatlyk Radiosyna tassykladylar.

Ýol ugruna soňky wagyzÝakynda daşary ýurda çykmagy başaran çärjewli aýal maşgala aeroportda migrasiýa işgärleriniň ýurtdan gidýänler bilen ýörite wagyz-nesihat işlerini geçirýändigini gürrüň berdi.

"Uçara münmänkäm, 'Azatlyk Radiosyna habar edäýmäň, migrasiýa hakynda gürrüň köpeltmäň, Watanyňyzy masgaralamaň' diýip, maňa sargadylar" diýip zenan öz tejribelerini paýlaşdy.

Mart aýynda Türkmenistandan çykyp bilen zenanlaryň biri türkmen prezidentine habar beriş serişdeleri arkaly ýüzlenen we onuň ýurtdan çykarylmagyny soran Türkiýäniň raýatynyň aýaly Enejan Jengiz. Jihan Jengiz Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň öz aýaly Enejan Jengize ýurduň daşyna çykmagy gadagan edendigini Azatlyk Radiosynyň “Migrant Media” proýektine dekabryň ortalarynda gürrüň beripdi.

Habar serişdelerinde ady agzalan ýene bir zenan Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Zöhre Koçewa 1,5 ýyllap Türkmenistandan çykyp bilmändi. Bu ýaş zenanyň ýurduň daşyna çykandygyny baradaky habar Turkmen.news neşirinde we sosial mediada 19-njy martda çap boldy.

Türkiýede ençeme ýyl ýaşan we türk raýatlary bilen durmuş guran zenanlar Türkmenistana pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin baryp, soň ýurtdan çykyp bilmändi. Türkmenistan beýleki ýurtlardan tapawutlylykda öz raýatlaryna ýurduň daşynda pasport bermeýär.

Bu zenanlaryň ykbaly barada garaşsyz habar beriş serişdelerinde, şol sanda Azatlyk Radiosynda maglumat berlipdi we Türkmenistanyň prezidentiniň adyna wideo ýüzlenme çap edilipdi.

Şu ýylyň başynda Türkiýäniň iki raýaty Ýylmaz Özkan we Rüstem Arslan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň prezidentine ýüzlenip, öz aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny sorapdylar. Azatlyga mälim bolşuna görä, Maýsa Özkan we Dilfuza Arslan heniz Türkmenistanda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedowa ýüzlenen türk raýatynyň aýaly Türkmenistandan çykaryldy
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
11-nji awgustda Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçar gatnawyny Türkiýäniň ilçihanasy gurnaýar
Uçara meňzeş howa ulagy bilen hüjüm guramak islän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Has uzak aralyga uçar
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar