Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini sorady

Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini sorady

Türk prokurorlary Türkiýede dört türkmen raýatyny öldürip, jesetlerini doňduryjynyň içinde gizlemekde aýyplanýan türkmenistanlynyň agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna dört gezek höküm edilmegini soradylar.

Waka bilen bagly täze maglumatlar peýda bolup, jenaýaty amala aşyrmakda aýyplanýanyň öldürilen adamlar bilen ilki ýekeme-ýeke ertirlik edinendigi anyklandy. Bu barada türk media serişdeleri maglumat berýär.

“Dört türkmen raýatynyň jesetleriniň doňduryjynyň içinde tapylmagy bilen bagly tussag edilen S.H.barada “guramalaşdyryp, elhenç duýgy bilen ýa-da ezýet berip, üç aýaly bilkastlaýyn öldürmek” we “guramalaşdyryp, elhenç duýgy bilen ýa-da ezýet berip, bilkastlaýyn adam öldürmek” jenaýatlary bilen, agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna dört gezek höküm edilmegi soralyp, sud işi açyldy” diýip, habeler.com neşiri 5-nji iýunda çap eden habarynda belleýär.

Türk mediasynyň maglumatlaryna görä, Izmir Baş prokuraturasy tarapyndan taýýarlanan bu aýyplama 3-nji Ýokary jenaýat kazyýeti tarapyndan kabul edildi.

Ýatlatsak, Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň böleklere bölünen jesetleri geçen ýylyň 18-nji iýunynda Izmir şäheriniň Baýrakly etrabynda ýerleşýän bir jaýdaky doňduryjynyň içinde tapylypdy. Wakadan bir gün soň, türk polisiýasy türkmenistanlylary öldürmekde aýyplanýan türkmen raýatyny tussag etdi.

Şonda türk mediasy tussag edilen türkmenistanlynyň Saparmurad Hallyýewdigini mälim edipdi. Ýöne häzir türk mediasy aýyplanýanyň adynyň we familiýasynyň diňe baş harplaryny mälim edip, oňa S.H. diýip salgylanýar.

Waka bilen bagly täze maglumatlar hem peýda bolup, S.H. öz beýannamasynda Gülkamaryň özüne ikilik edýändiginden güman edendigini we onuň mobil telefonuna söhbetdeşlikleri ýazgy edýän bir programmany gizlin ýerleşdirendigini aýdýar.

“Aýyplanýanyň programma esasynda, Gülkamaryň wakadan iki we dokuz aý öň başga erkekler bilen görüşendigini anyklandygy, onuň aýyplamadaky beýanynda bellenilýär” diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, türk prokurorlarynyň taýýarlanýan aýyplamasynda S.H.-niň Gülkamar Hanymowany we onuň ýakyn garyndaşlaryny öldürmek maksady bilen, olaryň öýüne barandygy we şonda öýde ýeke özi bolan Ruslan Kerimowy öldürendigi, soňra-da Hanymowa we onuň gyzlary gelýänçä ertirlik taýýarlandygy hem bellenilýär.

“S.H. öýe ilkinji bolup gelen G.Hanymowa bilen ilki ertirlik edinendigini, soňra-da ony öldürendigini mälim etdi.Ol bir az wagt geçensoň, öýe Hanymowanyň gyzy Laçyn Geldiýazowanyň gelendigini, onuň bilen hem ertirlik naharyny iýendigini we soňra-da ony şol bir pyçak bilen öldürendigini belledi.

S.H.soňra hem öýe gelen Leýla Geldiýazowany öldürendigini mälim etdi” diýip, türk mediasy belleýär.

Şeýle-de, habarlarda S.H.-niň öz beýannamasynda jesetleri ilki lagym çukurlaryna zyňmak barada pikir edendigi, ýöne soňra onuň G.Hanymowanyň özüne eden gowulyklarynyň hatyrasyna, jesetleri topraga jaýlamak kararyna gelendigi we jesetleri çüýremezligi üçin doňduryja goýandygy hem bellenilýär.

“Aýyplamada aýyplanýanyň öldüren adamlarynyň telefonlaryny satandygy, watanyna gaçyp gitmäge taýynlyk görüp ýörkä tutulandygy we eden işine ökünmeýändigi hem beýan edilýär” diýip, türk mediasy belleýär.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy geçen ýyl diňe Türkiýedäki türkmenleriň däl, eýsem türkleriň arasynda hem “sarsgyn” döredendigi aýdylýan bu waka barada häzirki güne çenli dymyşlygyny saklaýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň gazanç etmek üçin zähmet migrasiýasyna gidýän esasy ýurtlarynyň başlarynda gelýär.

Türk Migrasiýa edarasynyň 30-njy maýdaky soňky sanlaryna görä, Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan daşary ýurtlaryň sany boýunça Türkmenistan birinji orunda durýar. Muňa laýyklykda, häzirki wagtda 207 müň 632 türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik tussaglyga höküm edilmegini sorady
Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkiýedäki wakadan soň, häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurda gitmegini çäklendirmäge çalyşýar’
Türkiýede dört türkmeniň öldürilmegi: 'Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim'
Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy