“Sabah” gazeti “Erdogan: Türkiýe kosmos bäsleşiginde alynky hatarlarda bolar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň liseý okuwçylaryna ýüzlenip: Eziz ýaşlar! Biz kosmos bäsleşiginde bolarys. Üssesine-de öň hatarlarda bolarys” diýendigini ýazýar. Kosmos bäsleşiginden TEKNOFEST bilen üstün çykjakdyklaryny beýan eden Erdogan, degişli infrastruktura taýýarlyklarynyň dowam edýändigini nygtady.
“Star” gazeti “Türkiýe ABŞ-na Siriýa meselesinde garşy durdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Ünalyň ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfilde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG/PÝD-niň diňe bir Siriýanyň territorial bitewiligine däl, Türkiýäniň milli howpsuzlygyna hem wehim salýandygyny aýdandygyny ýazýar. Önal, Türkiýäniň terror guramasyna garşy degişli çäreleri görmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
“Hürriýet” gazeti “Stoltenberg: Türkiýäniň aladalary seljerilmeli” söz başyly habarynda, NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýäniň terrorizme berýän goldawy sebäpli Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO agzalygyna bolan garşylygy hakynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen pikir alyşandygyny mälim edýär.
Duşuşykdan soň beýannama beren Stoltenberg; “NATO-nyň ýaranlaryndan biri bolan Türkiýe käbir aladalaryny beýan edýän bolsa, ol NATO-nyň çäginde ara alynyp maslahatlaşylmaly we degişli çözgüt tapylmaly” diýdi.
“Ýeni Şafak” gazeti “Malaýziýa: Serhet howpsuzlygynda tejribe alyşmak üçin iň gowy ýurt Türkiýe” söz başyly habarynda, Malaýziýanyň Içeri işler ministri Hamza Zainudiniň “Türkiýäniň serhet dolanşygyndaky çarelerinden ylham alyp, öz gözegçilik merkzimizi döretmek isleýäris.
Sebäbi Türkiýäniň serhetde möhüm desgalarynyň bardygyny gördük.Kiber jenaýatlara garşy nähili göreşmeli, serhetler nähili goralmaly we dolandyrylmaly, bulary öwrenmek üçin iň amatly ýurt Türkiýe” diýendigini ýazýar.
“Watan” gazeti “Turkish kargo” iň ýokary depginde ösen marka boldy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň awiakargo markasy “Turkish kargonun” “Stat Treýd Taýms” žurnaly tarapyndan guralan dabarada 2022-nji ýylyň in ýokary ösüş depginine eý ebolan halkara karbo howaýoly baýragyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.