Türkiýäniň mili ýygyndy karate komandasy 2020 Tokio olimpiadalary üçin kwota balyny berýän 1-nji Karate premýer ligasynyň Lissabondaky tapgyryny 3 altyn we 6 bürünç medal bilen tamamlady.
Türkiýäniň Karate federasiýasyndan berilen beýannama görä Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda geçirilen çärede millli karateçiler maý aýynda Horwatiýada geçiriljek Ýewropa çempionadyndan öň uly synagdan geçdi.
2020 Tokio olimpiadalaryna bal berýän çäreede erkekleriň finalynda 27,4 bal alyp, şweýsariýaly bäsdeşi Ýuki Užiharany ýeňen Enes Özdemir çempion boldy.
Mart aýynda Stambulda geçirilen Karate 1 A tapgyrynyň turnirinde üçünji orny eýelän ýaş karateçi Lissabonda gazanan altyn medaly bilen karriýerasynyň in uly ýeňişine eýe boldy.
68 kilogramda olimpiada üçin taýarlyk görýän Meltem Hojaoglu Akýol hem zenanlaryň arasynda altyn medal alyp, uly mümkinçilige eýe boldy.
Bäsleşikde türk karateçileri 3 altyn medalyň ýany bilen 6 bürünç medal gazandylar.