Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ýene-de ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Palestinanyň hüjümleri hakynda “Biz nähili Garabaga baran bolsak, Liwiýa nähili giden bolsak, olara hem şeýle ederis. Etmezlik üçin hiç hili sebäp ýok” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “ABŞ-nyň “Forbes” žurnaly türk ýarag senagaty hakynda öwgüli sözler” söz başyly habarynda, dünýäniň belli žurnallarynda “Forbes” türk awiasiýa we ýarag senagatynyň gazanan üstünligini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirendigini ýazýar. Žurnalda ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB2-niň” Ukrainada we beýleki uruş meýdanlarynda uly hüjümleri amala aşyrandygy beýan edilip, “ “Baýraktar TB2” drony dünýäniň iň ikoniki ulgamlaryndan birine öwrüldi” diýilýär.

Makalada Türkiýäniň ilkinji pyýada tüpeňi hakynda-da öwgüli sözler aýdylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Karakuş giňişliginde önümçilik doly dowam edýär” söz başyly habarynda, Adyýaman welaýatynda 1950-nji ýyllarda nebit gözleg işleriniň netijesinde tapylan Karakuş nebit guýusynda günde 10 müň barrel nebit çykarylýandygyny mälim edýär. Adaty şetlerde çykarylýan çig nebit suwdan we gazdan saplanyp, turbalar bilen Hataý welaýatyndaky Dörtýol zawoduna akdyrylýar.

“Haber Türk” gazeti “Diýarbakyr Ekspresi “Taým” žurnalynyň sanawynda” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministrliginiň ýola goýan Syýahatçylyk Diýarbakyr Ekspresiniň dünýäniň belli žurnallaryndan “Taým” tarapyndan iň üns çekiji, täze we tolgundyryjy syýahatçylyk destinasiýasy hökmünde “2024-nji ýylda Dünýäniň in ajaýyp 100 ýeri” sanawyna goşulandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Antalýa howa menzili rekod goýdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň Antalýa howa menzilinde şenbe güni 217,141 ýolagçy we 1186 uçar sapar bilen 2024-nji ýylyň rekorduny goýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Biz Garabaga we Liwiýa Nähili Baran Bolsak, Edil Şonuň Ýaly Ysraýyla Hem Bararys”
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi
Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny