Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Prezident Erdoganyň FETÖ hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Türkiýede resmi saparda bolan Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirendigini ýazýar.

Gazet Rama bilen geçiren duşuşygynyň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlaryndan birinin terrorçylyga garşy göreş bilen harby we goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlykdygyny nygtan Erdoganyň FETÖ-niň iki ýurt üçin hem howp emele getirýändigi boýunja Albaniýanyň degişli guramalary bilen ylalaşýarys.

Pursatdan peýdalanyp Türkiýäniň Magaryf gaznasynyň başda durmagynda Albaniýany goldaýandygyny aýdasym gelýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Daşary işler ministrligi ABŞ-daky wakalar boýunja beýannama berdi” söz başyly habarynda, ABŞ-da protestçileriň Kongresiň binasyna guran hüjümine reaksiýa bildiren Türkiýäniň taraplary asudalyga we parasatly çemeleşmäge çagyrandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ersin Tatar BMG-na çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň BMG-niň baş Sekretary Antuniu Guterrişi adada özygtyýarly deňlige we iki döwletli hyzmatdaşlyga esaslanýan çözgüt pikirine açyk ýüreklilik bilen çemeleşmäge çagyrandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Dönmez: “Gaýtadan işlenýän energiýa güýjümiz 49,550 MW-a ýetdi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň düýn Gün energiýasy senahatçylary we İndustriýasy jemgyýetiniň guran “Güneş Sammitinde” sözlän sözünde, gaýtadan işlenýän energiýa pudagynyň koronawirus epidemiýasynyň dowam edýän döwründe uly ösüş edendigini nygtap: “Gaýtadan işlenýän energiýa güýjümiz 49,550 MW-a ýetdi” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Antalýanyň Demre etrabyndaky taryhy ýerleri 2020-nji ýylda 242 müň adam gezip gördi” söz başyly habarynda, Antalýanyň Demre etrabyndaky muzeýlere we taryhy ýadygärliklere 2020-njiýylda 242,787 adamyň baryp görendigini we şondan 5,6 million lira girdeji alynandygyna ünsleri çekýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
Balerina meňzeş gökdirän bina gurlar
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny