Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "MGM-niň habar çeşmeleri: Terror guramasynyň ýarag taşlamakdan başga çäresi ýok" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň habar çeşmeleriniň, Siriýanyň täze dolanşygy bilen goranyş howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk we terrora garşy göreş koordinasiýasy barada beýanat berendigini habar berýär.

Terror guramasy PKK/ÝPG-niň ýarag taşlamakdan başga çäresiniň bolmandygyny aýdýan habar çeşmeleri: "Ýa ýaraglaryny taşlarlar ýa-da ýok bolarlar" diýip mälim edildi.

Haber Türk gazedi: "Russiýanyň Türkiye bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň, Türkiyäniň Siriýa serhedindäki howpsuzlyk bilen bagly aladalaryna düşünýändiklerini belläp: "Türkiyäniň howpsuzlyk bähbitleri diňe Siriýanyň özygtyýarlylygyny, territorial bütewiligini we jebisligini goramak arkaly üpjün edilmelidir. Türk hökümedi bu ugurda çemeleşýär we biz ony goldaýarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star gazedi: "Türkiyä howa köprüsi bilen bagly wezipe berildi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Siriýadaky täze döwür bilen birlikde Damaska we ýurduň beýleki şäherlerine ugradyljak ynsanperwer kömekler üçin howa köprüsi wezipesiniň berilendigini beýan edýär. Soňky gezek bolsa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň 50 tonnalyk lukmançylyk enjam kömegi Türkiyä ugradyldy. Ynsanperwer kömekler Stambuldan Siriýa ugradylar.

Ýeni Şafak gazedi: "Immigrasiýa we adam hukuklary merkezi döredilýär" söz başyly habarynda, Türkiyäniň migrantlaryň hukuklarynyň goralmagy we möhüm meselelerde syýasatyny özgertmek maksady bilen Immigrasiýa we adam hukuklary merkezini döretjekdigini aýan edýär.

Sabah gazedi: "Fransuz metbugatyndan Türkiýäniň goranyş pudagyna öwgi" söz başyly habarynda, Merkezi Fransiýada ýerleşýän "Secret Defense" atly habar saýtynyň Türkiyäniň Harby-howa güýçleri üçin özgerdilen Gökçe we Gözde täze nesil gönükdirme ulgamlary barada öwgüli sözler ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ankaranyň geosyýasy täsiriniň täze nesil ýarag ulgamlary bilen hasam güýçlenjekdigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy