Sabah gazedi: "Damask bilen baglaşyljak ylalaşyk ýolda, Ortaýer deňzinde deňagramlylyk üýtgär" söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Siriýa bilen deňiz ýurisdiksiýasy ylalaşygynyň baglaşyljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Abdulkadir Uraloglu ulag we aragatnaşyk pudagynda hereket meýilnamasynyň üstünde işleýändiklerini aýtdy.
Star gazedi: "Türkiyäniň demir ýoly Damaska çenli uzar" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Siriýanyň howa menzillerini işjeň ýagdaýa getirjekdigini beýan edýär. Türkiyäniň demir ýoly hem Damaska çenli uzadylar.
Hürriýet gazedi: "Ministr Şimşek Türkiyäniň ykdysady ösüşine ünsleri çekdi" söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň Türkiyäniň 2 ýylyň içinde ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna goşulmak mümkinçiliginiň bardygyny belläp: "Adam başyna düşýän milli girdeji boýunça Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara golaýlap gelýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Watan gazedi: "Täze ýylda grekler we bolgarlar Edirnäni saýladylar" söz başyly habarynda, Täze ýyly Edirnede geçirmek isleýän bolgar we grek syýahatçylaryň, myhmanhanalardaky we şüweleň ýerlerindäki bronlarynyň 50 göterimden geçendigini mälim edýär. Şol görkezijiniň täze ýyl gijesi 100 göterime çenli ýetmegine garaşylýar.
Ýeni Şafak gazedi: "Rus gazyna türk ýoly" söz başyly habarynda, rsu gazynyň Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa eksport edilmegi bilen baglanşykly ylalaşygyň möhlediniň 31-nji dekabrda gutarmak ähtimallygynyň güýçlenýändigini beýan edýär. Türkiye TANAP we TürkAkymy ýaly möhüm liniýalaryň merkezinde ýerleşmegi bilen sebitdäki täze energiýa deňlemesinde öň hatara çykýar.