Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Ahmed Eş Şara bilen ýakyndan dialoglar geçirýäris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda: "Siriýada täze bir döwür başlady. Siriýa krizisiniň ilkinji pursadyndan başlap, taryhyň dogry tarapynda durduk. Siriýanyň Ynkylap lideri Ahmed Eş Şara bilen ýakyndan dialoglar geçirýäris" diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: "Erdogan: PKK we şahalary üçin ýoluň soňy göründi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Siriýada PKK we şahalary üçin wagtyň azalyp barýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan: "PKK we şahalary ýa dargar ýa-da dargadylar. Kimiň etegine ýapyşsalar ýapyşsynlar, özlerine garaşýan ykbaldan halas bolup bilmezler" diýip belledi.

Star gazedi: "Ispaniýa-Türkiye Hürjet boýunça ylalaşdy, Gresiýa bulaşdy" söz başyly habarynda, Ispaniýanyň Türkiyeden 24 sany Hürjet satyn aljakdygyny ýazan Gresiýanyň metbugatynyň, ylalaşygyň Türk awiasiýa pudagy üçin öwrülişik nokady bolandygyny aýdandygyny mälim edýär. Gresiýanyň goranmak ministri Dendiasy nyşana alan Grek metbugaty, Dendiasy F-16 modernizasiýa programmasy boýunça yza galmak bilen günäkärledi.

Ýeni Şafak gazedi: "Kapyköý eksportada açylar" söz başyly habarynda, Türkiye bilen Eýranyň arasynda syýahatçylyk üçin açylan Wan Kapyköý gümrük geçelgesiniň söwda üçin hem açyljakdygyny aýdandygyny beýan edýär. Söwda ministrligi täzelenen we kuwwatyny artdyrýan gümrük geçelgesi üçin Eýranyň resmileri bilen aragatnaşyga geçdi.

Haber Türk gazedi: "Syýahatçylygyň lokomotiwi ýola çykdy" söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Syýahatçylyk gündogar ekspresini täze möwsümiň ilkinji syýahadyna ýolagçy edendigini aýdandygyny aýan edýär. Uralogly, ekspresiň jemi 60 sapar gurajakdygyny belläp: "Takmynan 10 müň 500 syýahat höwesjeňine hyzmat ederis" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny