Sabah gazedi: "Erdoganyň Kairdäki diplomatiýasy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň D-8 sammitine gatnaşmak maksady bilen giden Müsüriň paýtagty Kair şäherinde Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi we Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen aýry aýry duşuşyklar geçirendigini habar berýär. Duşuşklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Gazadaky we Siriýadaky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Haber Türk gazedi: "Erdogandan Siriýa üçin raýdaşlyk çagyryşy" söz başyly habarynda, Kairde geçirilýän D-8 sammitinda çykyş eden Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň: "Terrordan saplanan bir Siriýanyň gurluşygy iň uly tamamyzdyr. By kyn ýolda siriýaly doganlarymyzyň ýanynda durmagyň zerurdygyna ynanýarys" diýendigini mälim edýär.
Watan gazedi: "Erdogan: D-8 täsirini artdyrmaly" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň artan çaknyşyklar, krizisler we söweşlere garşy global howpsuzlyk we durnuklylyk bilen bagly degişli guramadyr-edaralaryň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeýändigini aýdandygyny beýan edýär. Erdogan D-8 guramasynyň täsiriniň artdyrylmagy barada çagyryş berdi.
Star gazedi: "Erdogan: Ysraýyly izolirlemek gaty möhümdir" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Ysraýylyň hüjümlerini artdyryp dowam etdirýändigini, Siriýanyň territorial bütewiligine äsgermezçilik edýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan Ysraýyla garşy ýarag embargosynyň amala aşyrylmagynyň, söwda gatnaşyklaryň bes edilmeginiň we halkara arenada izolirlenmeginiň örän möhümdigini aýdandygyny aýan edýär.
Ýeni Şafak gazedi: "THÝ Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň köp ýurduna uçýan howa ýollary kärhanasy diýen ada 2012-nji ýyldan bäri eýe bolan Türk Howa ýollary kärhanasynyň (THY), Ginnesiň Rekordlar kitabyna girendigini habar berýär. Düýn Çili döwletine amala aşyrylan ilkinji uçuş bilen birlikde THY-nyň uçuş tory 131 ýurdy öz içine alýar.