Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan: "Siriýanyň durnuklylygy sebitiň durnuklylygy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Liwanyň premýer ministri Mikati bilen geçiren metbugat ýygnagynda, Türkiyäniň Ysraýylyň agressiýasyna garşy elindäki ähli mümkinçilikleri bilen Liwanyň arkasyndadygyny aýdandygyny habar berýär. Erdogan Siriýanyň territorial bütewiliginiň ähmiýetine ünsleri çekip: "Siriýanyň durnuklylygy sebitiň durnuklylygy" diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: "Erdoganyň garaşsyz Türkiye ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň TÜBITAK-yň we Türkiyäniň Ylymlar akademiýasynyň sylaglama dabarasynda eden çykyşynda: "Maksadymyz ähli ugurlar boýunça garaşsyz Türkiyäniň bolmagydyr. Başga ýurtlara mätäç bolan ýurtlaryň hataryndan çykyp, öz mümkinçiliklerimizi ulanmak isleýäris" diýendigini mälim edýär.

Haber Türk gazedi: "Fidan ÝPG-e garşy operasiýa bilen bagly öňe sürmeler barada jogap berdi" söz başyly habarynda, Ministr Hakan Fidanyň: "Bu indi ilkinji nobatda Damaskdaky dolanşygyň meselesidir. Olar bu meseläni maslahatlaşyp, zerur bolanlary amala aşyrar. Şonuň üçin bize goşulmaga zerurlyk bolmaz" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Fidan Müsüri we Eýrany göz öňünde tutup raýdaşlyk diýdi" söz başyly habarynda, Müsürde geçirilen D-8 Daşary işler ministrler geňeşiniň maslahatyna gatnaşan ministr Hakan Fidanyň, terror döwleti Ysraýylyň Gazada edýän genosid hüjümleriniň üstünde durup geçip: "Gazanyň we Liwanyň ähli görnüşli goldawa mätäçlikleri bar.

Ysraýylyň sebit ýurtlaryna, esasanam D-8 agzalary bolan Müsüre we Eýrana garşy agressiw çemeleşmesine garşy raýdaşlyk görkezmelidiris" diýendigini beýan edýär.

Star gazedi: "Ozalky prezidentden Türkiyäniň sebitdäki roly barada öwgüli sözler" söz başyly habarynda, Horwatiýanyň ozalky prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiçiň, Türkiyäniň global bir aktýordygyny belläp: "Russiýa-Ukraina ylalaşygy we soňky gezek bolsa parahatçylyk gözlegi bilen bagly örän uly basyşyň boljak bir döwre tarap barýarys. Türkiye ol ýerde örän netijeli bir rol eýelär" diýendigini aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi