“Hürriýet” gazeti, “Taryhyň dogry tarapynda durduk” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezi karar kabul ediş we dolanşyk geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama beren partiýanyň metbugat sekretary Ömer Çeligiň, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçendigini ýazýar. Ömer Çelik “Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkiýe taryhyň dogry tarapynda durdy”diýdi.
“Sabah” gazeti, “AFAD, Sednaýa tussaganasynda gözleg işlerini geçirmäge başlady” söz başyly habarynda, Siriýada Sednaýa tussahnasynda harabalygyň aşagynda galanlaryň tapylmagy üçin Türkiýäniň gözleg we halas ediş toparynyň sebite gidendigini ýazýar. AFAD-yň başlygy Okaý Memişiň ýolbaşçylygyndaky 120 adamlyk topar Sednaýa tussaghanasynda gözleg we halas ediş işlerine girişdi.
“Star” gazeti, “GÖKÇE bilen nyşanalar derbi-dagyn edildi” söz başyly habarynda, Baýkar firmasynyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktaryň sosial mediadan beren habarnamasynda, AKYNJY TİHA täze nesil gollanma toplumynyň atyş synagy GÖKÇE bilen nyşanalaryň derbi-dagyn edilendigine ünsi çekendigini belleýär.
“Watan” gazeti, “Ministr Uraloglu: Ýerli we milli lokomatiwler üçin üç täze önümçilik desgasy gurlar” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Türkiýäniň relýesli ulgamynyň güýçlendirilmegi üçin täze ulaglaryň ödürilmegi we önümçilik mümkinçiliginiň artdyrylmagy maksady bilen üç taze önümçilik desgasynyň guruljakdygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti, “Antalýa ilatyndan 7 esse köp syýahatçy geldi”söz başyly habarynda, 2 million 365 müň ilaty bolan Antalýa, üstümizdäki ýyl 11 aýda daşary ýurtly 16 million 606 müň 501 syýahatçynyň gelendigini buşlaýar.