“Watan” gazeti, “Afrikada birnäçe ýyl dowam eden krizisi Türkiýe çözdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Erzurumda ýaşlar bolan bolan duşuşygynda, Efiopiýa-Somali krizisiniň çözülmegi barada durup geçendigini ýazýar. Prezident Erdogan “7 sagat dowam eden duşuşykdan soň taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Täze ýylyň ilkinji 2 aýynda Efiopiýa we Somala sapar guraryn”diýip belledi.
“Hürriýet”gazeti, “Ýaşar Güler: İlkinji nobatda PKK dargadylmaly” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň, ýyllyk metbugat ýygnagynda “Terror guramasy PKK/ÝPG-niň indi özbaşyna hereket etmegine, hereket sferasyny döretmegine, ne siriýanyň halky, ne täze hökümet nede biz rugsat bermeris. İlkinji nobatda terror guramasy PKK/ÝPG-nyň dargadylmagyny maksat edinýäris” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti, “Güler: 2 müň 939 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynyň başda durmagynda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 2 müň 939 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigine ünsi çekendigini belleýär.
“Star” gazeti, “Milli tehnalogiýa ulanylmaga berler” söz başyly habarynda, milli şäherara otly toplumy taslamasynyň çäginde öndürlen milli otlylaryň synagdan geçiriljekdigini ýazýar. Otlylaryň tizligi sagatda 90 kilometr
“Sabah” gazeti, “Stambul howa menzili Ýewropada liderligini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň “Stambul howa menziliniň dekabr aýynyň 2-8-i aralygynda günde ortaça 1352 uçar sapary bilen Ýewropada liderligini dowam etdirdi”diýen sözlerine ýer berýär.