“Haber Türk” gazeti, “Blinken Ankarada” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen paýtagt Ankarada Esenboga howa menzilinde duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda terror guramalarynyň Siriýadaky durnuksyzlykdan ýerlikli peýdalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.
“Sabah” gazeti, “Erdogandan ÝB-ne çagyryş” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde bolan duşuşykda, Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi meselesinde ÝB-ne agza ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň möhümdigine ünsi çekendigini ýazýar.
“Star” gazeti, “Türkiýe, Siriýada terror guramalaryna ýol bermez” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, Siriýada PKK/ÝPG-ni goramak üçin DEAŞ-iň bahana edilmezligine ünsi çekendigini nygtaýar. Milli Goranmak ministrligi “PKK/ÝPG-niň başda durmagynda ähli terror guramalarynyň Siriýadaky durnuksyzlykdan ýerlikli peýdalanmagyna asla ýol bermeris” diýip beýannama berdi.
“Hürriýet” gazeti, “Türkiýe diplomatiýada öňbaşçy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Türkiýäniň Somali bilen Efiopianyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmeginde uly rol oýnandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Watan” gazeti, “Antalýada syýahatçylyk rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Antalýa soňky 10 ýylda 112 million 722 müň syýahatçynyň gelendigini habar berýär. Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 36 million bilen ruslar birinji, 25 million 545 müň adam bilen nemesler ikinji, 7 millon 183 müň adam bilen iňlisler üçünji orny eýeledi.