Hürriýet gazedi: "Erdogan: "Türkiye başga bir ýurduň topragy we özygtyýarlylygy bilen gyzyklanmaýar" söz başyly habarynda, prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda: "Türkiyäniň başga bir ýurduň topragy we özygtyýarlylygy bilen gyzyklanmaýar.
Serhetaşa operasiýalarymyzyň ýeke-täk maksady watanymyzy we raýatlarymyzy terrorçylykly hüjümlerden goramak.Ne PKK, ne-de Siriýadaky şahalary, ne-de DAIŞ biziň ýurdumyzyň söhbetdeşi däl, tersine garşydaşydyr" diýendigini habar berýär.
Star gazedi: "Fidanyň Siriýa bilen bagly çagyryşy" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ankarada 15-nji Ilçileriň konferensiýasynda eden çykyşynda: "Siriýada täze bir döwür başlady.Halkara aktýorlar Siriýanyň halkyna kömek etmelidir.
Türkiye mundan soň hem Siriýanyň territorial bütewiliginiň, syýasy jebisliginiň, asudalygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge dowam eder" diýendigini mälim edýär.
Ýeni Şafak gazedi: "Türkiyedäki siriýalylar ýurtlaryna gaýdyp barýarlar" söz başyly habarynda, Ýurtlaryndaky içerki uruş zamanynda Türkiyä sygynan siriýalylaryň, 61 ýyllyk Baas režiminiň agdarylmagyndan soň Siriýa gaýdyp gitmäge başlandyklaryny beýan edýär.
Watan gazedi: "Ulaglar ministri: Ýewropada ilkinji gezek amala aşyrýarys" söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Stambul howa menzilinde 17-nji aprelde 3 aýry uçuş we gonuş zolagynda şol bir wagtyň özünde uçmak we gonmak gollanmasyny durmuşa geçirmäge başlajakdyklaryny aýdandygyny belläp: "Bu ulgam Ýewropada ilkinji bolar" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Sabah gazedi: "Dünýäniň iň owadan ýerleriniň sanawynda Türkiyeden 2 ýer" söz başyly habarynda, Time žurnalynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlan dünýä derejesindäki iň owadan ýerleriň sanawynda Türkiyeden 2 ýeriň öň hatara çykandygyny aýan edýär. Stambuldaky “Zeyrek Çinili” hammamy we “Diýarbakyr Express” syýahatçylaryň hökmany ýagdaýda öz syýahatçylyk ugurlaryna goşmaly ýerler hökmünde maslahat berildi.