Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Ýylyň iň soňky MHG-niň maslahatyndan soň Siriýa ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň berilen ýazmaça beýanatda, Siriýada režimiň öz halky we kanuny oppozisiýasy bilen ylalaşmagynyň zerurdygy beýan edildi. Beýanatda Türkiyäniň Siriýanyň territorial bütewiligine berýän goldawyna ünsler çekildi.

Hürriýet gazedi: "MGM: PKK/ÝPG-niň durnuskzylykdan peýdalanmagyna rugsat bermeris" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Milli goranmak ministrliginiň: "Siriýanyň territorial bütewiligine, özygtyýarlygyna we sebitimiziň howpsuzlygyna uly howp emele getirýän terror guramasy PKK/ÝPG-niň sebitdäki durnuksyzlykdan peýdalanmagyna rugsat bermeris" diýip habar berildi.

Sabah gazedi: "Kajyr: Global harby uçarmansyz howa ulagy bazarynyň 70 göterimi türk kärhanalaryň elinde" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, global harby uçarmansyz howa ulagy bazarynyň 70 göteriminiň türk kärhanalaryň elindedigini belläp: "Goranmak senagatynda paradigma üýtgeşmelerini öz wagtynda alyp, harby uçarmansyz howa ulagy önümçiliginde ýurdumyzy dünýä liderligine eltdik" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star gazedi: "Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Türkiye tassyklandy" söz başyly habarynda, Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumaklynyň: "Türkiyedäki Guş etini gaýtadan işleýän desgalarden 8-i Ýewropa Bileleşigine termik işlerinden geçirilen guş etini eksport edip biler, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan tassyklandy" diýendigini mälim edýär.

Watan gazedi: "Antalýa D-8 Syýahatçylyk şäheri sylagy" söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň Antalýa "2025-nji ýyl D-8 Syýahatçylyk şäheri sylagynyň" berilendigini aýdandygyny aýan edýär.

Mehmet Nuri Ersoý: "Medeni baýlyklaryny tebigy gözellikleri bilen garyşdyryp, gelýänlere ýatdan çykmajak pursatlar hödürleýän bu täsin şäherimiz, diňe bir Türkiyede däl, eýsem dünýäde-de iň halanýan syýahatçylyk merkezleriniň biri bolmagyny dowam etdirer" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň iň uly öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny