Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "PKK/KJK-a degişli 709 gowak we gaçybatalga ýok edildi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa şu ýyl terror guramasy PKK/KJK-nyň obalyk ýerlerdäki gurluşlaryna garşy geçirilýän "Gürz" operasiýalarynyň çäginde 709 gowagyň, gaçybatalganyň we ammaryň ýok edilendigini, köp mukdarda partlaýjynyň, ýaragyň we ok-däriniň ele salynandygyny aýdandygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Halapa gaýdyp baran siriýaly: 7 ýyllap bizi gowy garşy alanyňyz üçin Türkiyä köp sag bolsun aýdýaryn" söz başyly habarynda, Siriýanyň Halap sebitiniň oppozisionerler tarapyndan gözegçilik astyna alynmagyndan soň, Hataýda ýaşaýan we maşgalasy bilen bilelikde öz dogduk diýaryna gitmäge taýýarlyk görýän Aýa Abdusselamyň Türkiyä minnetdarlyk bildirendigini mälim edýär.

Aýa Abdusselam: "7 ýyl bäri Türkiyede ýaşaýardym.Hataý welaýatynda ýaşadym.Halap azat edildi.Dogduk diýarymyza barýarys.Bütin Türkiyä minnetdarlyk bildirýäris. 7 ýyllap bizi gowy garşy aldyňyz" diýip belledi.

Star gazedi: "Dünýä ägirdi Türkiyäni saýlap aldy" söz başyly habarynda, Merkezi Şweýsariýada ýerleşýän Sandoz derman kärhanasynyň, Türkiyedäki täze maýa goýumlar üçin 80 million dollar möçberinde maýa goýumyny artdyrandygyny beýan edýär.

Sabah gazedi: "TOGG bazardaky liderligini berkitdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň elektrik tokda işleýän TOGG kärhanasynyň, bäsdeşleri Tesla we BMW kärhanalaryndan geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.TOGG şu ýylyň ilkinji 11 aýynda 24 müň 361 sany ulag satyp, iň ýakyn bäsdeşinden 15 müň 134 sany ulag köp satdy.

Bu döwürde TOGG-yň elektrik tokda işleýän ulag bazaryndaky paýy 29 göterim hökmünde hasaba alyndy.

Haber Türk gazedi: "TIMSS 2023-de Türkiye ylym ugrunda Ýewropada 1-nji boldy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Halkara matematika we ylym ugurlary boýunça ylmy-barlag (TIMSS) 2023-iň netijelerine görä, 4-nji synp ylym ugry boýunça OECD-e agza ýurtlaryň arasynda 2-nji, bu ugurdaky ortaça baly bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda 1-nji oruna myansyp bolandygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny