Haber Türk gazedi: "Erdogan: PKK-a garşy çäreler görýäris we mundan soň hem göreris" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Yragyň premýer ministri Muhammed Şiýa al Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär.
Erdogan Siriýada ekstremist terror guramasy PKK-a we onuň şahalaryna garşy Türkiyäniň milli howpsuzlygynyň we bähbitleriniň çäginde çäreler görýändigini we mundan soň hem görjekdigini beýan etdi.
Hürriýet gazedi: "Erdogan: Siriýanyň hökümedi syýasy tapgyra gatnaşmaly" söz başyly habarynda, Türkiyäniň ençeme aý bäri uzadan elini ret eden Siriýanyň hökümediniň, ýurtda adalatly we hemişelik parahatçylyk bilen gyzyklanmaýandygyny belleýär.
Prezident Erdogan oppozisionerleriň gysga wagtyň içinde Halapy basyp almagy bilen uly territoriýasyny we güýjüni ýitiren Asada duýduryş berdi: "Siriýanyň hökümedi ýagdaýyň has hem erbetleşmeginiň öňüni almak üçin hakyky syýasy tapgyra gatnaşmagy zerurdyr" diýip nygtady.
Star gazedi: "Türkiyeden Gresiýa Ýumşak güýç çagyryşy" söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, ýumşak güýç elementi hökmünde medeniýetiň we sporduň birleşdiriljekdigine ynanýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Altun: "Gresiýa bilen dostlugymyzy berkitjek, güýçlendirjek islendik başlangyja goldaw bermäge taýardyrys" diýip belledi.
Watan gazedi: "Fitch Türkiyäniň ykdysadyýetindäki kadalaşma ünsleri özüne çekdi" söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitchiň Türkiyäniň ykdysadyýetindäki kadalaşma tapgyryna ünsleri çekendigini aýan edýär. Fitch habarnamasynda Türkiye Respublikasynyň Merkezi bankynyň ätiýaçlarynda möhüm bir kadalaşma tapgyrynyň ýola goýulandygy mälim edildi. Habarnamada: "2025-nji ýylda syýasat yzygiderliliginiň ýokarlanmagyna garaşýarys" diýip bellendi.
Ýeni Şafak gazedi: "Türkiyeden arassa energiýa göçümi" söz başyly habarynda, Türk ylmy barlagçylaryň kömürturşy gazy arassa energiýa öwürjek enjam oýlap tapjakdyklaryny habar berýär. Türk alymlaryň ynkylap häsýetinde özgertmegi meýilleşdirýän enjam, galyndy hökmünde kömürturşy gazy ny çykarýan ulaglara we fabriklere uýgunlaşdyrylar.