“Sabah” gazeti “Erdogan: Digital dünýä global derejede ähli gymmatlyklara zeper ýetirýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Dini geňeşiň 7-nji maslahatynda sözlän sözünde: “Palestinada, Gazada we Liwanda gyrgynçylyk edip, musulmanlaryň neslini ýok etmäge çalyşýanlar hemmelere mälimdir.
Global derejede musulmanlara hüjüm edýän misginsokar duşman, Gazadakydan has uly ýitgä sebäp bolýar. Şol gizlin we misginsokar duşman, göreşini media we sosial media arkaly alyp barýar.Digital dünýä global derejede ähli gymmatlyklara zeper ýetirýär” diýendigini ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Fidan: Medeniýetleriň çaknyşygyna iňňän az wagt galdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ysraýylyň palestinalylara edýän gyrgynçylygynyň meläni hasam çykgynsyzlaşdyrandygyny nygtap: “Medeniýetlerin çaknyşygyna sözüň doly manysynda şeýle ýakyn bolmandyk. Bu, umumy adamzat üçin duýduryşdyr” diýen sözlerini çap edýär.
“Hürriýet” gazeti “Ýaşar Güler: Zapda gulp gulplandy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň “Gahryman esgerimiziň batyrgaýlygy we egilşiksiz göreşi bilen indi Yragyň demirgazygynda gulp guplandy. Sebitdäki işlerimiz şol bir depginde we egilşiksiz dowam edýär, eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Ministr Bolat: Türkiýe global we sebitleýin gymmatlyk halkasynyň ýüzöwrülmesiz bölegine öwrüldi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň “Global ykdysadyýetiň gowşak depginde dowam edýändigine, söwda we senagat syýasatlaryndaky hemaýatkär meýillere, geosyýasy çaknyşyklara hem-de goňşy ýurtlardaky durnuksyzlyklara garamazdan Türkiýäniň ykdysadyýeti önümçilikde, iş üpjünçiliginde we eksportda ösüş depginini dowam etdirýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ýylyň birinji ýarymynda 3,6 göterim ösüş etdik” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ýylyň ikinji çärýeginde iş ýüzüne geçirýän ýygjam pul syýasatynyň netijesinde 2,5 göterim, 6 aýlyk döwürde bolsa 3,6 göterime barabar ösüş edilendigini ýazýar.