Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Türkiýe size goldaw berýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Gazada gyrgynçylyga sezewar bolan palestinaly zenanlaryň alyp barýan göreşi bilen bütin dünýä görelde bolandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Prezident Erdogan düýn Ankarada Zenanlara zulum edilmegine garşy halkara göreş güni mynasibetli geçirlen dabarada eden çykyşynda “Türkiýe hökmünde size goldaw berýäris.Sionist lobisiniň basyşyna garamazdan siziň hak-hukuklarymyza sarpa goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.

“Watan” gazeti, “Galkan-31” operasiýasynda 1298 bosgun tussag edildi” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň sosial mediadan beren habarnamasynda “Galkan-31” operasiýasynda bikanun ýagdaýda ýurda giren 1298 bosgunyň tussag edilendigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Star” gazeti, “Türk esgeri tälim berdi” söz başyly habarynda, NATO-nyň Kosowadaky parahatçylyk güýjüniň çäginde iş alyp barýan Türk topary tarapyndan, Kosowanyň howpsuzlyk güýjüniň çäginde iş alyp barýan esgerlere “Sarp ýarag ulgamynyň” howpsuzlygy we ulanylmagy boýunça tälim berlendigini mälim edýär.

Kosowanyň Howpsuzlyk güýji tarapyndan berlen beýannamada, “ASELSAN tarapyndan öndürlen ulgamyň howpsuzlygy we ulanylmagy oýunça türk esgerleri tarapyndan tälim berildi” diýildi.

“Sabah” gazeti, “Sabiha Gökçen howa menzilinde 3 ugur boýunça rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Stambul şäherinde ýerleşýän Halkara Sabiha Gökçen howa menzilinde “günlük jemi uçuş sany”, “daşary ýurtlara guralan uçan saparlary” we “daşary ýurtlara uçan ýolagçy sany” taýdan uly rekord goýlandygyny habar berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Ançous eksporty 12,3 million dollardan geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýeden, 2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 12 million 306 müň 154 dollarlyk ançous balygynyň eksport edilendigini aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny