“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň Russiýa boýunça diplomatiýasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigini ýazýar. Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň sebitdäki dartgynlyklary ortadan aýyrmak üçin tagallalaryny dowam etdirýändigini, parahatçylyk gepleşiklerine goşant goşmaga dowam ediljekdigini aýtdy.
“Sabah” gazeti “Erdganyň gutlag ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 24-nji noýabr Mugallymlaryň bütindünýä güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap edendigini ýazýar. Erdogan ýüzlenmesinde terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen we eziz hatyralary ýüreklerde ýaşaýan mugallymlar Şenaý Aýbüke Ýalçyny we Nejmettin Ýylmazy hormat bilen hatyralady.
“Hürriýet” gazeti “Hakan Fidan: Ýadro howp oýun däl” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Russiýa bilen Günbataryň arasynda soňky döwürde artan dartgynlyga ünsi çekip, ýadro uruş howpunyň oýun däldigini aýdandygyny mälim edýär. ministr Fidan: “Ýadro meselesi gün-tertibine gelen pursadyndan başlap ýadro howp ýüze çykar” diýdi.
“Ýeni Şafak” gazeti “Gabar nebiti hakynda tolgundyryjy beýanat” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Şyrnak welaýatynyň Gabar etreabynda nebit önümçiligini ýylyň ahyryna çenli 70 müň barrelden geçirmegi maksat edinýändiklerini aýdandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Wengriýanyň Türkiýeden başda ugra zerurlygy ýok” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Wengriýanyň tebigy gaz hakyndaky şertnamanyň täzelenmegi üçin taýýarlyklaryň dowam edýändigini aýdan Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýartonyň TürkAkym ugrunyň saýasynda alternatiw ugra zerurlyk duýmaýandyklaryny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.