Haber Türk gazedi: "Fidan: ABŞ-nyň täze hökümedi bilen maksadymyz konstruktiw dialog" söz başyly habarynda, Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň, ABŞ-nyň hökümedi bilen ýylyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda terror guramasy PKK/ÝPG/PÝD we FETÖ garşy tutumyň gatnaşyklara zeper ýetirýändigini her pursatda aýdýandyklaryny belläp: "ABŞ-nyň täze hökümedi bilen milli bähbitlerimiziň çäginde konstruktiw dialogy ýola goýmagy maksat edinýäris" diýendigini habar berýär.
Sabah gazedi: "Fidan: Halkara Jenaýat Kazyýetiniň Netanýahu üçin kabul eden tussag edilmek baradaky karar adalatyň ýüze çykmagy nukdaýnazaryndan umytly wakadyr" söz başyly habarynda, Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň: "Halkara Jenaýat Kazyýetiniň Ysraýylyň premýer ministri Netanýahunyň we ýurduň ozalky goranmak ministri Gallantyň tussag edilmegi baradaky karar, adalatyň ýüze çykmagy nukdaýnazaryndan umytly wakadyr" diýendigini mälim edýär.
Hürriýet gazedi: "Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy Horwatiýanyň howa giňişligini gorar" söz başyly habarynda, Baýkar bilen Horwatiýanyň goranmak ministrliginiň arasynda Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň eksportyny öz düzüminde jemleýän ylalaşygyň baglaşylandygyny beýan edýär. Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy Horwatiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň inwentaryna girizilip, ýurduň howa giňişligini gorar.
Ýeni Şafak gazedi: "Amerikadan Oruç Reis gämisine seýsmiki talap" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Somalide geçirýän energiýa gözleg işleriniň sebite gyzyklanma döredýän daşary ýurt kärhanalaryny hem höweslendirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Somaliden ozal ygtyýarnama alan ABŞ-ly kärhana “Oruç Reis” gämisinden olar üçin seýsmiki gözleg geçirmegini isledi.
Star gazedi: "Türkiye ägirt uly mümkinçiliklere eýedir" söz başyly habarynda, Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň müdüri Françesko La Kameranyň, Türkiyäniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, geotermiki energiýa boýunça dünýäniň möhüm sebitleriň biridigini aýdandygyny aýan edýär.