“Hürriýet” gazeti, “Katar bilen 8 şertnama baglaşyldy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sanini Prezidentiň Kompleksinde resmi dabara bilen garşylandygyny ýazýar. Garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Al Sani özara duşuşyk geçirdi. Saparyň çäginde Türkiýe bilen Kataryň arasynda 8 şertnama baglaşyldy.
“Ýeni Şafak” gazeti, “Siriýanyň demirgazygyna gury ýer operasiýasy guralarmy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrligine ýakyn çeşmeleriň Siriýanyň demirgazygyna täze gury ýer operasiýasynyň guralyp guralmajakdygy hakyndaky soraga jogap berendigini nygtaýar. “Ýurdumyzyň we serhetlerimiziň howpsuzlygy üçin Türkiýäniň halkara hukugyna laýyklykda operasiýa guramak hukugy bar. Bu mesele boýunça näme edilmeli bolsa ederis” diýildi.
“Star” gazeti, “Trampa Türkiýe görelde görkezildi” söz başyly habarynda, amerikaly ykdysadyýetçi Žeffri Saksyň, Donald Trampyň Türkiýäniň diplomatik üstünliginden peýdalanyp biljekdigine ünsi çekendigini mälim edýär. Saks “Türkiýe, Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky söweşleriň bes edilmegi boýunça ABŞ-na esasy geňeşçi bolup biler. Dünýäde Türkiýe ýaly diplomatiýa taýdan uly tagalla edýän başga ýurt ýok diýdi.
“Watan” gazeti, “Kurtulmuş, Ysraýylyň BMG-daky agzalygynyň saklanmagynyň wagty geldi” söz başyly habarynda, TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuşyň, Gazada dowam edýän gyrgynçylyga uly garşylyk görkezendigini habar berýär. Kurtulmuş, “Ysraýylyň BMG-nyň kararlaryna ýerine ýetirýänçä gurama agzalygynyň saklanmagynyň wagty geldi” diýdi.
“Sabah” gazeti, “Türki döwletleriň arasynda daşky gurşaw hakyndaky bilelikdäki jarnama” söz başyly habarynda, Daşky gurşaw, şäherçilik we howa çalşygy ministri Murat Kurumyň, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda Halkara howa çalşygy sammitiniň çäginde geçirlen Türki döwletleriň guramasynyň Daşky gurşaw we ekalogiýa ministrleriniň 1-nji maslahatyna gatnaşandygyny ýazýar. Ministr Kurum, “Dünýäniň iň uly doganlar jemgyýeti dilde, pikirde we işde birdir” diýdi.