Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ysraýylyň zulumyna garşy iň konkret ädimi Türkiýe ätdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň zulumyna dünýäniň iň güýçli reaksiýany görkezen, bu meselede söwda gatnaşyklarynyň bes edilmegi bilen bilelikde anyk ädim äden ýurduň Türkiýedigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Gaza ugradylan ynsanperwer kömeginiň mukdary boýunça hem biz birinji orunda durýarys” diýdi.

“Star” gazeti “Erdogan terrorizme garşy göreşde egilşik edilmejekdigini aýtdy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyn Türkiýäniň howpsuzlygy we raýatlarynyň asudalygy üçin Siriýanyň demirgazygyndaky terror guramalaryna garşy operasialaryň elmydama gün-tertibindedigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Erdogan: “Howpy duýan badymyza serhetaşa operasiýalara başlamak üçin taýýarlygymyz bar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Bolat: Türkiýe-ÝB gatnaşylkarynyň ösüş depgini ÝB-ne bagly” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň ÝB bilen söwda gatnaşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak üçin dekabr aýynda möhüm başlangyçlar ediler” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe daşary ýurtlular üçin özüne çekiji” söz başyly habarynda, Türkiýäniň daşary ýurtlular üçin özüne çekiji bolmaga dowam edýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygynda daşary ýurtlular 19,212 ýaşaýyş jaýyny satyn aldy. Esasan Antalýa, Stambul, Mersin we Ankara daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaý satuwynda öňe saýlanýar.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň halanýan salady” söz başyly habarynda, onlaýn syýahatçylyk tilsimaty “Tast Atlasyň” dünýäniň iň halanýan saladlarynyň sanawyny çap edendigini ýazýar. Adaty türk salady “Kysyryň” hem sanawa goşulandygyny mälim edýär. “Kysyr” saladyna ownuk ýarma, pomidor, narpyz, sarymsak, petruşka we limonyň suwy ýa-da naryň siroby goşulýar. Salada kimýon we gyzyl burç hem goşmak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny