Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan: Ysraýyl Gaza üçin hasabat bermeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda eden çykyşynda; “Ysraýylyň Palestina we Liwana hüjümleri dowam edýär. Ynsanlary öldürmegä, uly gyrgynçylyga dowam edýär. Bu agyr gumanitar we daşky gurşaw betbagtçylygyna sebäp bolanlaryň halkara kazyýetlerinde onuň hasabyny bermelidigini pikir edýäris” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Baýraktar “COP29-da” Türkiýäniň energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça maksatlaryny beýan etdi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkiýäniň gaýtadan işlenýän energiýa we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça maskatlaryna ýetmek üçin halkara maliýe guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigini aýdandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkiýeden Ysraýyla reaksiýa: Berk garşy durýarys” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň käbir ysraýylly resmileriň Günbatar Şeria hakyndaky beýannamalary boýunça; “Käbir ysraýylly resmiler basylyp alynan Günbatar Şerianyň Ysraýyla birikdirilmeli hakynda beren beýannamalaryna berk garşy durýarys” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Kurtulmuş: Ysraýylyň BMG-na agzalygy saklanmaly” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň düýn beren beýannamasynda; “Netanýahu we topary BMG-niň kararlaryny berjaý etýänçä, Halkara Adalat Diwanynyň kabul eden kararlary iş ýüzüne geçirilýänçä Ysraýylyň BMG-na agzalygy saklanmaly. Bu garaýyşyň seljerilmeginiň wagty geldi. Biz bu ugurda göreşi dowam etdireris” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň Afrika ýurtlaryna edýän eksporty 15 milliard dollardan geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Afrika ýurtlaryna eksportunyň ýylyň 10 aýynda 15 milliard dollardan geçendigini mälim edýär. Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň görkezjilerine görä Afri,ka ýurtlaryna edilen eksport ýylyň 10 aýynda 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä 1,8 göterim ýokarlap, 15,1 milliard dollara barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu Bilen Tramp Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýylyň Goranmak Ministri Wezipesinden Boşadyldy
Halkara Jenaýat Kazyýeti Netanýahuny we Galanty tussag etmek barada karar kabul etdi