Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “09.15-de durmuş durdy” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň baky dünýä göçen gününde ýurduň çar tarapynda dabara bilen hatyralananandygyny ýazýar. Atatürkiň bu dünýä gözlerini ýuman wagty bolan 09.15-de sirenalaryň çalmagy bilen durmuş durdy, raýatlar hormatly dymyşlyk etdiler.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ýurdumyzsyň serhetleriniň terror bilen arabaglanşygyny keseris” söz-başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Atatürkiň dünýeden ötmeginiň 86-njy ýyly zerarly geçirilen hatyralama çaresinde eden çykyşynda: “Gelejekki döwürde serhet ýakasynda döreden howpsuz zolagymyzy doly tamamlarys. Başga bir söz bilen aýdylanda terror guramalary bilen serhetlerimiziň arasyndaky baglanşygy doly keseris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Terrorsyz giňişligi dörederis” söz-başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini nygtap, Türkiýede terrorsyz giňişligiň dörediljekdigini beýan edendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Fidan Ysraýyla ýarag embargosynyň goýulmagy üçin çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň Daşary işler minstrleriniň nobatdan daşary mejlisinde Ysraýyla ýarag we ok-däri geçirmegiň bes edilmegi üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bilen bilelikde 52 ýurtdan goldaw alandyklaryny beýan edip; “Biziň ählimiz bu meselede borjumyzy berjaý etmek üçin elimizden geleni etmeli.

Jebisligimizi görkezmegiň tüýs wagty” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Çyragan köşkünde dünýäniň ýeke-täl galam festiwaly” söz başyly habarynda, Stambuldaky Çyragan köşkünde dünýäniň ilkinji we ýeke-täk galam festiwaly bolan “Penfest 2024-iň” geçirilendigini ýazýar. Festiwaldaky iň gymmat bahaly galam bolsa 3 million lira barabar nhyrdan satuwa çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny