Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdoganyň ÝB ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Preizdent R. T. Erdoganyň, Türkiýe ýaly materigiň durnuklulygyna we howpsuzlygyna uly goşant goşýan ýurduň ÝB-ne agzalyk etabynyň uzak ýyllardan bärş bökdelmeginiň ýerlikli sebäbiniň ýokdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Ministr Bolat: Ysraýyl bilen söwda gatnaşyklarymyz bes edildi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň, hüjümler bes edilýänçä we Gazanyň gaýtadan dikeldiş etaby başlaýança Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň başlamajakdygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Ministr Bolat “Maý aýyndan bäri Ysraýyl bilen söwda gatnaşyklarymyz dolulygyna bes edildi” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “Merkezi Bankyň ätiýaçlary ýene rekord goýdy” söz başyly habarynda Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň jemi ätiýajynyň 1-nji noýabr hepdesinde 221 million dollar artyp 159 milliard 619 million dollara ýetendigini habar berýär. Şeýlelikde Merkezi bankyň ätiýajy yzly-yzyna üçinji gezek uly rekord goýdy.

“Star” gazeti, “Polat gupba çalt depginde tamamlanar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, howa goranyş ulgamy Polat gupbany gysga wagtda tamamlajakdyklaryna ünsi çekendigini ýazýar. Ministr Kajyr, “Ýurdumyzyň gelejegine howp abanmagyna asla ýol bermeris” diýdi.

“Watan” gazeti “Toggyň täze reňki “Aýder” ünsleri özüne çekdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän ýerli we milli awtoulagy Togg T10x modeliniň täze reňki “Aýderiň” Rizede söwda merkezinde tanyşdyrlandygyny mälim edýär. Togg, tehnalogiýasy bilen birlikde reňki bilen hem ünsleri özüne çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny