Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Ministr Fidan: “Ysraýyla ýarag satmak genoside şärik bolmakdyr” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Jibutide geçirlen Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlyk konferensiýasynda çykyş edendigini ýazýar. Ministr Fidan çykyşynda, “Ysraýyla ýarag satmak, genoside şärik bolmakdyr” diýdi.

“Watan” gazeti, “Gresiýa gaçmaga synanşan FETÖ agza 2 adam tussag edildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, Türkiýeden bikanun ýollardan Gresiýa gaçmaga synanşan FETÖ agza 2 adamyň tussag edilendigini mälim edendigini nygtaýar.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň tehnalogiýa eksporty artdy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, Türkiýäniň döwrebap tehnalogiýa enjamlarynyň eksportynyň 10 milliard dollara golaýlandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Ministr Kajyr tehnalogýa önümleriniň eksportundan 2022-nji ýylda 97,3 milliard dollarlyk girdeji gazanylandygyny, şol sanyň üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe bolsa 73, 4 milliard dollara ýetendigini ýatlatdy.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Eksport oktaýabr aýynda 23,6 milliard dollara barabar boldy” söz başyly habarynda, oktýabr aýynda eksportyň 3,6 göterim artyp 23,6 milliard dollara, importyň bolsa 0,1 göterim azarlyp 29, 4 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar. Söwda ministri Ömer Bolat, “Oktýabr aýynda Resbuplika taryhymyzyň iň ýokary eksport çägine ýetdik” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “46-njy Stambul Marafony tamamlandy” söz başyly habarynda, Sport Stambul tarapyndan geçirlen 46-njy Stambul marafonynda erkekleriň arasynda efipiýaly Dežene Deberalyň 2.11.40-lyk derejesi bilen birinji, zenanlaryň arasynda bolsa bahreýinli Rut Žebetiň 2.24.45-lik derejesi bilen birinji orny eýeländigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“FETÖ-niň ýolbaşçysynyň aradan çykmagy bizi arkaýynlaşdyrmaz, egilşiksiz göreşimiz dowam eder”
Hakan Fidan FETÖ Garşy Göreşiň Dowam Etjekdigini Aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny