“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdogan: Dünýä ýurtlary Ysraýyla basyş etmeli” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Ankarada saparda bolan Senegalyň Prezidenti Faýe bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berendigini ýazýar. Senegalyň Palestina berýän goldawynyň möhümdigini nygtan Erdogan “Palestina we Liwana goldaw bermek adamkärçilik wezipämiz hökmünde görýäris. Dünýä ýurtlary Ysraýyla basyş etmeli” diýdi.
“Haber Türk” gazeti, “Daşary işler ministrligi, Ýewropa Komissiýasynyň Türkiýe habarnamasyna reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrligi, Ýewropa Komissiýasynyň Türkiýe baradaky habarnamasyna reaksiýa bildirendigini mälime dýär. Esasan Kipr meselesi baradaky analizleri tankyt eden Daşary işler ministrligi, içerki syýasy dinamikalar hakyndaky tankydy belliklere hem nägilelik bildirdi.
“Sabah” gazeti, “Soňky bir hepde-de 198 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň soňky bir hepde-de Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda geçiren operasiýalarynda 198 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berýär.
“Ýenişafak” gazeti, “Türkiýäniň kapytansyz deňiz ulagy ilkinji gezek eksport ediler” söz başyly habarynda, “Mawy watanyň goragçysy, Türkiýäniň ilkinji harby kapitansyz deňiz ulagy ULAQ-SIDA üçin ilkinji gezek eksport şertnamasynyň bagşylandygyny ýazýar. Kataryň İçeri işler ministrligi bilen Milipol Katar sergisiniň çäginde baglaşylan şertnama, Türkiýäniň ilkinji kapytansyz deňiz ulagy eksport şertnamasy özboluşlylygyna eýe.
“Star” gazeti, “BRICS-iň Türkiýe habarnamasy tolgundyrdy” söz başyly habarynda, BRİJS-iň Türkiýäniň goranyş senagatynyň döwrebap enjamlary barada wideony ýaýlyma berendigini mälim edýär. Wideoda “Türk howa goranyş ulgamlary”diýilýär.