Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Erdogandan musulman dünýäsine çagyryş” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Gazada Ysraýyl tarapyndan 50 müň adamyň wagşylarça öldürilmeginiň, 2 million adamyň üstüne bomba ýagdyrylmagynyň utandyryjydygyna ünsi çekendigini ýazýar. Prezident Erdogan musulman dünýäsine Gazada we Liwanda jogapkärçilik almaklary üçin çagyryş berdi.

“Hürriýet” gazeti, “Altun: Ysraýylyň ýalanlaryna gulak asmarys” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, Türkiýäniň bütin dünýäde hakykatyň wekili bolmaga dowam etjekdigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Altun “Ysraýylyň dünýäni ýalan-ýalňyş maglumatlar bilen aldamagyna rugsat bermeris” diýdi.

“Star” gazeti, “The Lies of Ysrael guruldy” söz başyly habarynda, Prezdentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Dezinformasiýa garşy göreş boýunça utgaşdyryjysy Idris Kardaşyň, “The Lies of Ysrael” atly internet saýtynyň açylandygyny mälim edendigini ýazýar. Kardaş, “Ysraýylyň ýalanlaryny bütindünýä ýetireris” diýdi.

“Watan” gazeti, “Ýylyň ahyryna çenli syýahatçylyk pudagyndan 59,6 milliard dollarlyk girdji gazanylmagyna garaşylýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň girdejisiniň üstümizdäki ýyly ahyryna çenli 59,6 milliard dollara, Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň bolsa 52,7 milliona ýetmegine garaşylýandygyny ýazýar. 2025-nji ýylda bolsa Türkiýä jemi 61 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

“Sabah” gazeti, “Türkiýeden nebit göçümi” söz başyly habarynda, energetika pudagy boýunça uly öňe gidişlik edilendigini, Şyrnak welaýatynyň Gabar etrabynda tapylan nebit ätiýajynyň 867 million barrele ýetendigini buşlaýar. 2025-nji ýylda Türkiýede nebit-gaz önümçiligi üçin 270 guýuda burawlaýyş işleriniň geçirilmegi maksat edinilýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministrini kabul eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi