Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Respublikamyzyň 101-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçildi” söz başyly habarynda, 29-njy oktýabr Respublika baýramynyň ýurduň çar tarapynda dabara bilen bellenilip geçilendigini ýazýar. Ankarada dabaralaryň ilkinji salgysy Atatürkiň mowzoleýi bolan bolsa, ýurduň her bir künjeginde öwüşginli we ajaýyp panoramalar emele geldi.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Watanamyzyň gelejegini goramak üçin ähli çäreleri görýäris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň 29-njy oktýabr Respublika baýramynyň çäginde Atatürkiň aramgähini zyýarat edip, ol ýerdäki ýatlama depderine öz ýatlama sözlerini ýazandygyny mälim edýär.

Erdogan: “Sebitimizde serhetleriň bir asyr ozalkysy ýaly gan we göz ýaşy bilen kesgitlenmek islenýän günlerinde watanyň gelejegini, howpsuzlygyny goramak üçin ähli çäreleri görýäris” diýipýazdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Dönüklere garşy egilşiksiz tagallamyz dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “TUSAŞ-yň” merkezi önümçilik desgasynda “T625 Gökbeý” kysymly dik uçaryň gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde, “TUSAŞ-a” guralan hyýanatçylykly terror hüjümi hakynda durup geçendigini ýazýar.

Erdogan: “Şeýle hyýanatçylykly hüjümler terrorizme garşy göreşimizdäki gaýduwsyz we egilşiksiz göreşimizi bökdäp bilmez, bizi ýolumyzdan yza gaýtarmaz.Dönüklere garamazdan has köp işläris, has köp öndüreris” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “ABŞ-nyň häkimliklerinden biri 29-njy oktýabry “Türkiýe Respublikasynyň güni diýip yglan etdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Tehas ştatynyň esasy şäherlerinden biri bolan Planonyň häkimi Jon Munsyň 29-njy oktýabry şäherde “Türkiýe Respublikasynyň Güni” diýip yglan etdi.

“Star” gazeti “317 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, türk awiasiýasy üçin möhüm tapgyrlardan biri kabul edilýän we 6 ýyl ozal açylan Stambul howa menziliniň şu günki güne çenli 317,7 million ýolagçy kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy Türkiyede saparda bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ-nyň Plano Şäherinde 29-njy Oktýabr “Türkiýe Respublikasynyň Güni” Hökmünde Yglan Edildi