Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan Türkiýä edilen duşmançylyga hökmany suratda degişli gaýtawul görkeziler” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň paýtagt Ankarada Kahramankazanda Türk Awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp, “Halkymyz Türkiýä edilen duşmançylyga hökmany suratda degişli gaýtawul görkeziljekdigini bilsin. Howpsuzlygymyzy nyşana alan terror guramalary asla maksadyna ýetip bilmez” diýendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti, “Erdogan Putin bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, BRICS-iň liderler sammitine gatnaşmak üçin Tatarystana giden Prezident R. T. Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşandygyny ýazýar. Putin duşuşykda TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy we gynanç bildirdi.

“Hürriýet” gazeti, “NATO: Türkiýä goldaw berýäris” söz başyly habarynda NATO-nyň Baş sekretary Mark Ruttäniň, paýtagt Ankarada Kahramankazanda Türk Awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarandygyny we Türkiýä goldaw berendigini mälim edýär.

“Ýenişafak” gazeti, “Nigeriýanyň altynyny Türkiýe öndürer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Nigeriýa bilen magdan gözleg we önümçilik işleri boýunça hyzmatdaşlyk teswirnamasyny baglaşandygyny habar berýär. Teswirnama laýyklykda Türkiýäniň Nigeriýada 3 altyn käninde 2025-nji ýylda altyn öndürmegi maksat edinilýär.

“Sabah” gazeti, “Dünýäniň iň gowy ir-iýmişleriniň sanawynda Türkiýe esasy orun eýeledi” söz başyly habarynda, TasteAtlasyň dünýäniň iň gowy ir-iýmişleriniň sanawyny taýarlandygyna, sanawda Türkiýeden Antep fystygynyň ikinji orny eýeleýändigine ýer berýär.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar
NATO-nyň Ýadro Türgenleşigi Başlaýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Prezident Erdogan Wengriýada Saparda Bolýar
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl