Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan, Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň BMG derejesinde başladan Ysraýyla ýarag satuwynyň bes edilmegi baradaky başlanjygyna Italiýanyň goldaw berjekdigini ýatlatdy.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan FETÖ garşy göreşiň dowam etjekdigine ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň jynlar ýaly ýogalandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Prezident Erdogan, FETÖ dolulygyna ýok bolýança terror guramasyna garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini nygtady.

“Haber Türk” gazeti, “Erdogan: BRICS-e agza ýurtlar bilen edýän hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek isleýäris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkiýe hökmünde BRICS agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerine ünsi çekendigini belleýär. Prezident Erdogan “Kazan şäherinde geçiriljek sammitiň uly pursat döretjekdigine ynanýaryn” diýdi.

“Watan” gazeti, “Türkiýe goranyş senagatynda halkara güýç” söz başyly habarynda, Baýkar firmasynyň Baş müdüri Haluk Baýraktaryň, türk goranyş we awiasiýa pudagynyň 2023-nji ýylda uly öňe gidişlik edendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär. Baýraktar “185 ýurda 5,5 milliard dollarlyk 230 görnüşli enjam eksport etdik” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Türk goranyş senagaty milli tehnalogiýalaryny sergileýär” söz başyly habarynda, Ýewropanyň iň uly senagat sergisi bolan SAHA EXPO goranyş, emeli hemra we awiasiýa sergisiniň Stambulda başlandygyny habar berýär. Sergä 120 ýurtdan 1478 firma gatnaşýar. Sergide goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan firmalar soňky tehnalogiýalaryny sergileýär.

Ýene degişli makalalar

“Terrorçy Güleniň aradan çykmagy, Türkiýä dönüklük edenleriň soňynyň nähili boljakdygyny görkezdi"
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli Howpsuzlyk Gullygynyň Başlygy Kalyn ABŞ-na Gitdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
1 Hepde-de 44 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi