Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Daşary işler ministri Hakan Fidan, Garaňky terror guramasynyň lideri aradan çykypdyr emma FETÖ garşy göreşimiz dowam eder” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň aradan çykmagyndan soň beren beýannamasynda, “FETÖ-niň ýolbaşçysynyň aradan çykandygy hakyndaky habarlar razwetka gullugymyz tarapyndan tassyklanýar.

Garaňky terror guramasynyň lideri aradan çykypdyr.Bu habar bizi asla arkaýynlaşdyrmaz.Bu gurama tarapyndan halkymyza uly howp abandy. Ýaşlarymyzy dürli wadalar bilen öz hataryna goşdy we ýaşlarymyzy öz watanlaryna, halkyna we mukaddes gymmatlyklaryna dönüklük edýän maşyna öwürdi” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “TBMM Kurtulmuş: FETÖ gaşy göreş dowam eder” söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuşyň Aýdyn welaýatynda eden çykyşynda FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň aradan çykandygy barada durup geçendigini ýazýar. TBMM-niň başlygy Kurtulmuş, terror guramasy FETÖ garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýdi.

“Star” gazeti, “Ýurdunyň ýeňiş meýilnamasyny Türkiýä hödürledi” söz başy habarynda, resmi sapar bilen Türkiýä gelen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybihanyň, ýurdundaky söweşiň bes edilmegi üçin resmi Kiýew tarapyndan taýarlanan Ýeňiş meýilnamasyny Daşary işler ministri Hakan Fidana hödürländigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Sybiha parahatçylyk isleýän ähli döwletleriň, BMG-nyň kadalaryna görä meýilnama goldaw bermelidigini nygtap, Türkiýäniň meýilnama goldaw berýändigini bilýäris” diýdi.

“Watan” gazeti, “Gaz önümçiliginde rekord goýlar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň, Sakar gaz giňişliginde 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde gündelik 9,1 million kub metrlik gaz öndürjekdikleri we 4 million maşgalanyň gaz bilen üpjün ediljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýäniň ýahta porty mümkinçiligi artdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadyr Uraloglunyň düýn beren beýannamasynda, Türkiýede 2002-nji ýylda 41 bolan ýahta portunyň sanynyň 2024-nji ýylda 63-e ýetendigine ünsi çekendigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny