“Sabah” gazeti “Ministr Fidan: Ysraýyl-Eýran urşunyň turma ähtimallygy ýokary” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky söweş ähtimallygynyň “ýokary ähtimallyk hökmünde analiz edilmelidigini” nygtap, ýurduň we sebitiň oňa taýýar bolmalydygyny duýdurandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Wenger mejlisiniň başlygy: Ýewropanyň Türkiýä bolan zerurlygy ýokary” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Laslo Koweriň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyga kabul edilmegini goldaýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär. Kower ÝB-niň öňünde bar bolan kynçylyklar sebäpli Türkiýä bolan zerurlygynyň ýokarydygyny beýan etdi.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ýerli elektromobile uly isleg” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli elektromobili “Toggyň” 2023-nji ýylyň 9 aýynda 5,604 satuw edendigini ýazýar. 2024-nji ýylyň degişli döwründe bolsa 17,049 “Togg” satyldy.
“Hürriýet” gazeti “Türkiýe hereketlendirijili ulag önümçiliginde Ýewropada 4-nji” söz başyly habarynda, geçen ýyl Türkiýede 1,468,393 hereketlendirijili ulagyň öndürilendigini mälim edýär. şeýlelikde Türkiýänin awtomobil pudagy Ýewropada 4-nji orna göterildi.
“Haber Türk” gazeti “Kerem Aktürkoglynyň Palestina boýunça ýüzlenmesine uly goldaw” söz başyly habarynda, Portugaliýanyň Benfika futbol klubynda oýnaýan futbolçy Kerem Aktürkoglynyň Ysraýylyň Palestinadaky gyrgynçylgyyna reaksiýa görkezýän sosial media habarnamasynyň halkara derejede goldaw tapandygyny ýazýar. Portugal žurnalisti Rekord çagyryşy söz başy hökmünde goýdy.