Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Neçirwan Barzanini kabul etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Prezidenti Neçirwan Barzanini kabul edendigini ýazýar.Duşuşykda Erdogan Ysraýylyň günsaýyn möwç alýan hüjümleriniň netijesiniň agyrlaşýandygyny, sebiti uruş meýdanyna öwürendigini, Türkiýäniň bütin sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna aýratyn uly ähmiýet berýändigini, Yragyň degişli ýolbaşçylarynyň ýurdy çaknyşykdan daşda tutmak ugrundaky tagallasyna kanagatlanma bildirýändirýändigini aýtdy.

“Sabah” gazeti “Numan Kurtulmuş: Netanýahu we garakçy topary bu ot çukuruna düşer diýip umyt edýärin” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmyşyň Palestinanyň Milli Geňeşiniň Başlygy Ruhi Fattuh bilen Mejlisde geçiren duşuşygynda: “Günbatar Şeriada hüjümlerini artdyrdylar, Liwana hüjüm etdiler, Siriýa hüjüm etdiler we ýetmedi.

Netanýahu niýetini görkezdi; “İndi kyýamat urşy”.Gynamsagam Netanýahu we garakçy topary ABŞ-da we käbir günbatar ýurtlarynda çäksiz goldaw bilen Ýakyn Gündogarda ägirt uly otly çukur gazdylar. Şol otly çukura Netanýahu we garakçy topar düşer” diýdi.

“Watan” gazeti “Ministr Kajyr 75-nji Halkara Kosmos maslahatyna gatnaşdy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň şu ýyl İtaliýanyň Milan şäherinde geçirilýän Halkara Kosmos maslahatyna gatnaşandygyny ýazýar.

Ol ýerde käbir duşuşyklar geçiren ministr Kajyr, Birleşen Arap Emirlikleriniň Sport ministri we Kosmos gullugynyň başlygy Ahmet Balhol Al Falasi bilen duşuşandygyny ýazýar.Duşuşyklarda iki ýurduň kosmos we emele hemra tehnologiýalary boýunça bilelikdäki taslamalary ara alynyp maslahatlaşyldy.

“Star” gazeti “Söwda ministri Bolat; Türki kärhanalarynyň ýolbaşçylary afrikaly işewürler bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Afrikadan gelen işewürler bilen Türkiýäniň Kiçi we orta ululykdaky kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşandygyny aýdandygyny mälim edýär. Çärede çykyş eden ministr Bolat Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen söwda mukdarynyň 20 ýylda 7 esse artandygyny nygtap: “Afrika bilen söwda gatnaşyklarymyzy iki taraply bähbit esasynda dowam etdirýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy