Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýyly duruzmak üçin nämä garaşýandygyny bilesimiz gelýär”, söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň, BMG-niň Liwandaky Parahatçylyk güýçlerine guran hüjümi hakynda: “Öz gullukçylarynam gorap bilmeýän BMG, halkara ulgam üçin utandyryjy we aladalandyryjy. Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýyly duruzmak üçin nämä garaşýandygyny bizem bilmek isleýäris” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Boris Jonsonyň kitabynda Türkiýe we Erdogan hakyndaky detallar” söz başyly habarynda, Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonsonsyň syýasy durmuşy hakyndaky kitabynda Türkiýäniň NATO-da eýeleýän pozisiýasy we Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky hökümet hakynda-da durlup geçilendigini ýazýar.

Harby uçardan, uçar gämisine çenli Türkiýaniň iňňän möhüm ýurtlardan biridigini beýan eden Jonson; “Somaliniň paýtagty Mogadişoda ýerleşýän halkara howa menziliniň amerikalylar ýa-da hytaýlylar tarapyndan däl, eýsem türkler tarapyndan gurlandygyny eşidenimde geň galdym” diýip ýazýar.

“Star” gazeti “Bolat: Dünýänin global güýçleri bilen şolbir giňişlikde orun eýeleýäris” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Türkiýäniň ykdysadyýetde birsydyrgyn ösýändigini we global güýçler bilen şolbir giňişlikde orun eýeleýändigini aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti Türkiýeden 9 aýda 22,88 million dollarlyk bal eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň esasy önümçilik we eksport harytlaryndan biri bolan balyň, ýylyň 9 aýynda 22,88 million dollar girdeji getirendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Giresun sindromy” lukmançylyk edebiýatyna goşuldy, söz başyly habarynda, hassalardan birinde anyklanan ähli organlaryň ýeriniň çalyşmagyna baglylykda ýüze çykýan siroz keseliniň dünýäde ilkinji gezek Giresun welaýatynda ýüze çykandygyny mälim edýär. Lukmançylyk edebiýatyna goşulan hassalyk “Giresun sindromy” atlandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny