Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Netanýahu global ulgam üçin howp. Ysraýyla degişli gysyş edilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen geçiren metbugat ýygnagynda; “Netanýahunyň häkimiýeti indi global ulgama howp salýar. Gazada bir ýyldan bäri dowam edýän genosid bütin adamzat üçin utançdyr. Ysraýyla degişli gysyş edilmeli” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň dünýä çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Albaniýanyň paýtagty Tiranada gatnaşan “Namazgäh” metjidiniň açylyşynda halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip; “Ysraýylyň garşysynda durmak wyjdan borjudyr” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Taryhy operasiýanyň birinjisi tamamlandy” söz başyly habarynda, ganhor Ysraýylyň dowam edýän hüjümleri sebäpli Liwanda galan 878 sanysy türk, 966 adamy alyp gaýdan Deňiz güýçlerine degişli amfibiýa gämilerinden “TJG Baýraktar” bilen “TJG Sanjaktaryň” Mersin portuna gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýewropada “TOGG” üçin taryhy pursat” söz başyly habarynda, Ýewropa bileleşiginiň Hytaýyň awtoulaglaryna gümrük pajy boýunça eden başlangyjynyn “TOGG” elektromobili üçin taryhy pursat döredendigini ýazýar.Pudagyň wekilleri 2025-nji ýylyň başynda Ýewropanyň bazarlaryna girmegine garaşylýan “TOGG” elektromobilinin bäsdeşligi hasam güýçlendirjekdigine ünsleri çekýär. Şeýle hem SUW modeline görä amatly nyrhdan satylmagyna garaşylýan sedan model “T10F” hem bäsleşige goşular.

“Sabah” gazeti “Ekerançylyk pudagy eksportda rekord goýdy” söz başyly habarynda, ekerançylyk pudagynyň 26,1 milliar dollar bilen ähli döwürleriň iň ýokary eksporty amala aşyrandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmunmy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny