Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Kurtulmuş: Ysraýylyň giňelmegi milli howpsuzlyk meselesidir” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň düýn Ysraýylyň hüjümleri bilen bagly ýapyk maslahat geçirendigini ýazýar.Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Ysraýylyň Gazany basyp alma maksadynyň 1 ýyllyk geçmişiniň bardygyny pikir etmegiň iňňän uly ýalňyşlykdygyny beýan edip; “Bu ssenarileriň birinji perdesi 1917-nji ýylda Osman döwleti Palestinada çekilmäge mejbur bolandan soň yglan edilen iňlis koloniýasy bilen Ysraýylyň alyp barýan milli howpsuzlyk meselesidir” diýendigini ýazýar.

“Ýyldyz: MHG PKK-nyň “janly bomba” meýilnamasyny bozdy” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň Türkiýede janly bomba hüjümini meýilleşdirýändigi anyklanan terror guramasy PKK/ÝPŽ-niň esasy jogapkär ýolbaşçylaryndan Hezal Belgäni Siriýanyň Amuda sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Ministr Kajyr: Goranyş senagatynda ýerlilik möçberimiz 20 göterimlerden 80 göterimlere ýetdi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň goranyş senagatynda ýerlilik möçberiniň 20 göterimlerden 80 göterimlere çenli ýokarlandygyny beýan edip; “Türkiýe Milli tehnologiýa göçüminde esasy gazanjyny goranyş senagatyndan gazandy.

Emma elbetde ol tötänlik däl.Goranyş senagatynda ýerlilik we millilik Türkiýe üçin iň esasy maksatdyr” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Hasankeýfde 1600 ýyllyk harby galyndylar tapyldy” söz başyly habarynda, Batman welaýatynyň Hasankeýf etrabynyň arheologik gazuw-agtaryş işlerinde Rim döwrüne degişli 1600 ýyllyk harby binanyň galyndylarynyň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkogly gaýtadan saýlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Basketbol federasiýasynyň Başlyklygyna Hidaýet Türkoglynyň 165 sesden 133 sanysyny alyp gaýtadan saýlanandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär