Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ysraýylyň genosid syýasaty bes edilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň birinji ýyly bilen bagly habaramasynda; “Doly 365 gün ozal dünýäde bolan esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 50 mün doganymyz wagşylarça gyryldy. Ysraýylyň uzak ýyllardan bäri dowam edýän basyp alyş we genosid syýasaty indi bes edilmeli” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň üstünligi Afynyny gabandyrdy” söz başyly habarynda, awtoulag we goranyş senagaty pudaklarynda hem üpjünçilik hem-de önümçilik taýdan dünýäde we Ýewropada esasy merkezlerden birine öwrülen Türkiýäniň eksportda gazanan üstünligine grek metbugatynyň uly orun berendigini ýazýar. “Biz hyýal etdik, türkler durmuşa geçirdi” söz başyny saýlap alan grek metbugaty, Türkiýäniň awtoulag öndürijileriniň gazanjynyň uludygyny, awtoulag eksportynda birinji 5-likde durýandygyny beýan etdi.

Hytaýdan hem köp ulagyň öndürilýändigine üns çekildi.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäde birinji onluga bir basgançak galdy” söz başyly habarynda Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň ýylyň birinji ýarymynda türk deňiz söwda flotunyň eden ösüşine ünsi çekip; “Türk deňiz söwda floty 52,7 million detweýt tonna ýetip, dünýäde 11-nji orny eýeledi. Dünýäde birinji onluga girme maksadymyza bir basgançak galdy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Baýraktar: Yrakda 3 sebitde nebit gözleýäris” söz başyly habarynda, Liwiýada we Pars aýlagynda işjeň pozisiýa eýelemek isleýändiklerini aýdan Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Yrakda 3 sebitde nebit gözleýandiklerini aýdandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy